Aziýanyň Kubogy 2023-iň saýlama oýunlary 6 ýurtda merkezleşdirilen görnüşde geçiriler

Aziýanyň Kubogy  2023-iň saýlama oýunlary 6 ýurtda merkezleşdirilen görnüşde geçiriler

2023-nji ýylda geçiriljek futbol boýunça Aziýanyň Kubogynyň saýlama oýunlary 6 ýurtda merkezleşdirilen görnüşde geçiriler. Bu barada AFK-nyň resmi saýty habar berýär.

Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy 6 ýurdy Hindistany, Kuweýti, Gyrgyzystany, Malaýziýany, Mongoliýany we Özbegistany oýunlary kabul ediji hökmünde tassyklady.Aziýanyň Kubogynyň final tapgyryna 24 topar gatnaşar. Ýaryşa eýýäm 13 topar, şol sanda 2023-nji ýylda geçiriljek Aziýanyň Kubogynyň hojaýyny bolan Hytaýyň milli ýygyndysy hem saýlandy.

Galan 12 topar Siriýa, Awstraliýa, Eýran, Saud Arabystany, Ýaponiýa, BAE, Koreýa Respublikasy, Oman, Yrak, Wýetnam, Hytaý we Liwan.

Galan ýollamalar üçin 24 milli ýygyndy bäsleşer, olaryň arasynda Türkmenistanyň milli ýygyndysy hem bar. Häzirki wagtda sebetleriň düzümi şeýle görnüşde: Kabul edýän tarap: Özbegistan, Gyrgyzystan, Hindistan, Kuweýt, Malaýziýa, Mongoliýa.

2023-nji ýyldaky Aziýanyň Kubogynyň saýlama ýaryşynyň oýunlary üçin bije çekişik 24-nji fewralda Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçiriler.Bije çekişigiň netijesinde her biri 4 topardan ybarat 6 toparça emele geler.

Saýlama ýaryşynyň toparlaýyn tapgyrynyň oýunlary bir tegelege merkezleşdirilen görnüşde 2022-nji ýylyň 8, 11 we 14-nji iýunynda geçiriler.Aziýanyň Kubogy 2023-iň final bölegine 11 topar çykar toparçalaryň 6 ýeňijisi, şeýle-de iň gowy netijeler bilen ikinji orunlary eýelän 5 topar.

Aziýanyň Kubogy 2023-nji ýylyň 16-njy iýunynda Hytaýda başlar. Ýaryşyň oýunlaryny 10 şäher kabul eder: Pekin, Týanszin, Şanhaý, Çunsin, Çendu, Sian, Dalýan, Sindao, Sýamyn we Suçžou.

Ýene degişli makalalar

Haýsy ŞHG döwletleri türkmen gazyny satyn alýar?
Türkmenistanda Lu Ban ussahanasyny açmak boýunça gepleşikler geçirildi
Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň maslahatyna gatnaşar
Türkmenistanyň 17 ýaşa çenli futbol ýygyndysynyň Aziýanyň kubogy ― 2025-iň saýlama tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy
Futzal boýunça Aziýanyň kubogy ― 2024-iň saýlama tapgyrynyň bijeleriniň haçan çekiljekdigi belli boldy
Daşary ýurt dili Türkmenistanyň orta mekdepleriniň uçurymlary üçin hökmany synag boldy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy ýene 13 çaganyň operasiýasyny goldady we beýleki habarlar
Türkmenistanyň futzal ýygyndysy Aziýanyň kubogy ― 2024-iň saýlama tapgyryndaky garşydaşlaryny bildi