Azmundan soň ýene bir ýyldyz oýunçy Dünýä Kubogynyň daşynda galyp biler

Serdar Azmundan soň ýene bir ýyldyz oýunçylaryň biri hem Dünýä Kubogynyň daşynda galyp biler.Milli çempionatda “Roma”“Leççe” duşuşygynda penaltiden soň şikes alan argentinaly hüjümçi Paulo Dibalanyň 4-8 hepde aralygynda şikesi sebäpli meýdança çykyp bilmejekdigi mälim edildi.

Geçirilen lukman barlaglaryndan soň oýunçynyň myşsalaryna zeper ýetipdir. Şol nukdaýnazardan oýunçynyň Dünýä Kubogynda çykyş etmezligi hem mümkin.Transfer möwsüminde “Romanyň” düzümine goşulan Dibala 5 gol geçirip, 2 goluň pasyny berdi. Ýeri gelende bellesek, Katar 2022 Dünýä Kubogy 20-nji noýabrda bat alar.

Ýene degişli makalalar

Serdar Azmun Romadaky ilkinji duşuşygyny geçirdi
“Roma” ahmyrdan çykdy
Serdar Azmun Romanyň düzüminde A seriýadaky ilkinji goluny urdy
Türkmen zyýaratçylary haj zyýaratyna ugradylar, Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri PHYF-e gatnaşýar, Türkmenistanda ýol hereketiniň düzgünleriniň bozulmagy üçin jerime barada nädip maglumat almaly we beýleki habarlar
Zenitiň Serdar Azmuny yzyna gaýdyp almagy mümkin
Ispaniýanyň Sewilýa topary ýedinji gezek Ýewropa ligasynyň çempiony boldy