Zenitiň Serdar Azmuny yzyna gaýdyp almagy mümkin

Zenitiň Serdar Azmuny yzyna gaýdyp almagy mümkin

Sankt-Peterburgyň Zenitiniň Lewerkuzen şäheriniň Baýer toparyndan ozalky hüjümçisi, eýranly türkmen Serdar Azmuny yzyna gaýdyp almagy mümkin. Bu barada futbol insaýderi Fabrisio Romano özüniň jemgyýetçilik torlaryndaky hasabynda habar berdi.

Ýöne rus kluby 28 ýaşly hüjümçiniň gaýdyp alynjakdygy barada heniz dil ýaranok. Şeýle-de bolsa, bu transferiň häzirki transfer penjiresinde amala aşmak mümkinçiligi ýokary. Transfermarkt Serdar Azmuna 12 million ýewro baha kesýär.

Eýranly türkmen Zenitde 2019 ― 2022-nji ýyllar aralygynda hem futbol oýnapdy. Ol toparyň düzüminde 104 duşuşykda 62 gezek tapawutlanyp, 17 goluň hem assistini berdi.

Ýene degişli makalalar

Azmun bilen Saud Arabystanynyň klublary gyzyklanýar
Türkmenhowaýollary Moskwa gatnawlaryny togtatdy, Lebapda 500-den gowrak ýaş mugallym işe başlar, Türkmenistan Galkynyş gaz känindäki mümkinçiliklerini artdyrýar we beýleki habarlar
Serdar Azmun italýan klubuna transfer boldy
Serdar Azmun Baýerden Roma geçdi
Serdar Azmun italýan klubuna transfer boldy
Serdar Azmun Baýeri ýeňlişden halas etdi