Türkmenhowaýollary Moskwa gatnawlaryny togtatdy, Lebapda 500-den gowrak ýaş mugallym işe başlar, Türkmenistan Galkynyş gaz känindäki mümkinçiliklerini artdyrýar we beýleki habarlar

Türkmenhowaýollary Moskwa gatnawlaryny togtatdy, Lebapda 500-den gowrak ýaş mugallym işe başlar, Türkmenistan Galkynyş gaz känindäki mümkinçiliklerini artdyrýar we beýleki habarlar

Türkmenistan

1.Türkmenistan awiakompaniýasy 1-nji awgustdan Aşgabat — Moskwa — Aşgabat ugurlarynda uçuşlaryň togtadylýandygyny habar berdi.Russiýa uçuşlar Aşgabat — Kazan — Aşgabat ugurlarynda amala aşyrylar.Moskwa — Aşgabat we Aşgabat — Moskwa ugurlary boýunça uçuşlar üçin satyn alnan ähli petekler bilen Kazan — Aşgabat we Aşgabat — Kazan ugurlary boýunça uçmak mümkin bolar.

Moskwa Aşgabat ugry boýunça petekleri bolan ýolagçylar üçin Kazanyň howa menziline, Aşgabatdan gelýänler üçin bolsa Kazanyň howa menzilinden Moskwa rahat we mugt gatnaw guralar. Ýolagçylardan petekde görkezilen uçuş wagtyndan 3 sagat öň Domodedowo howa menziline gelmek we täzelenmeler bilen tanyşmak haýyş edilýär.

2. Türkmenistanyň Bilim ministrligi 523 sany ýaş hünärmeni Lebap welaýatynyň bilim-terbiýeçilik edaralaryna işlemek üçin iberdi. Şu günler ýaş hünärmenler welaýat bilim bölümi tarapyndan gurnalan okuw sapaklaryna gatnaşýarlar.

3.Tebigy gaz gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Türkmenistan nebitgaz pudagyny we eksport mümkinçiliklerini ösdürmegi dowam etdirýär. Ätiýaçlyk gory 27 trillion kub metre deň bolan dünýädäki iň iri gaz ýatagynyň, ýagny Galkynyş gaz käniniň senagat taýdan özleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Häzirki wagtda bu gaz käni halkara taslamalaryny, şol sanda Türkmenistan Hytaý we Türkmenistan Owganystan Pakistan Hindistan döwletara gaz geçirijilerini çig mal bilen ygtybarly üpjün etmegiň kepili bolup durýar.Häzirki wagtda Galkynyş gaz käni synag derejeli senagat ulanylyşy tapgyryndadyr we geljekde bu ýerde gazyň çykarylyş depgini ýokarlanar.

4. Türkmenistana saparda bolan Hytaý Halk Respublikasynyň wekiliýeti üçin Türkmen halysynyň milli muzeýine gezelenç guraldy. Şeýle hem wekiliýetiň agzalary täze Arkadag şäheri bilen tanyşdylar. Tanyşlygyň dowamynda şäheriň gurluşygynda ulanylan innowasiýa tehnologiýalary barada jikme-jik maglumat berildi. Soňra myhmanlar Halkara atçylyk toplumyna baryp gördüler we bu ýerde ahalteke bedewleriniň deňsiz-taýsyz gözelligine syn etmäge mümkinçilik aldylar.

5. Aşgabatdaky Watan kinokonsert merkezinde Tahyr Ataýewiň orkestriniň Rok hitler atly konserti geçirildi we onda simfoniki taýdan gaýtadan işlenen meşhur daşary ýurt aýdymlary ýerine ýetirildi. Konsertiň esasy şowhunly pursatlarynyň biri hem orkestriň Paganini: Şeýtanyň skripkaçysy filmindäki sazy ýerine ýetirmegi boldy. Bu eser owadanlygy we çylşyrymlylygy bilen diňleýjilerde ýakymly täsir galdyrdy. Myhmanlaryň haýyşy boýunça orkestr ony ýene bir gezek gaýtalady.

6. Prezident Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni degişli Karar gol çekmek bilen Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda döwlet serhediniň geçýän ugruny kesgitlemek we ony ýerinde bellemek meseleleri boýunça bilelikdäki Türkmen-özbek hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümini tassyklady.

Dünýäde

7.Sony kompaniýasy PS5 oýun enjamy üçin indiki iri täzelenmäniň beta synagyny işe girizdi.Programma üpjünçiligi ýörite programmada hasaba alnan çäkli mukdarda ulanyjy üçin elýeterli bolar.Esasy täzelenmeleriň hatarynda Sony enjam açylanda ýa-da gaýtadan işe girizilende çykýan başlangyç signalynyň sesini sazlamak ýa-da öçürmek mümkinçiligini belleýär. Şeýle hem Dolby Atmos tehnologiýasynyň goldanylýandygy, oňa gabat gelýän telewizorlarda, saundbarlarda we öý kinoteatrlarynda ýokary derejeli ses döretmäge mümkinçilik berýändigi yglan edildi.

8. Gazagystanda 20 ýyla golaý arakesmeden soň Aziýanyň sesi atly halkara aýdym-saz festiwaly ýene-de üstünlikli geçirildi. Festiwala gatnaşyjylaryň çykyşlary Almaty şäheriniň etegindäki dag belentliginde ýerleşýän Medeo açyk meýdançasynda geçirildi. Respublikadaky aýdym-saz festiwalyna gatnaşmak üçin tanymal gazak aktýorlary, estrada aýdymçylary, bloggerler we jemgyýetçilik işgärleri geldiler.

Sport habarlary

9.Gyrgyzystanyň Yssyk-Kul kölüniň kenaryndaky Çolpon-Ata şäherinde uşu-sanda we başa-baş el-aýak söweşi boýunça Kyrgyzstan Open-2023 halkara ýaryşy tamamlandy.Bu ýaryşda türkmen türgenleri ajaýyp netijeleri görkezip, 18 sany baýrakly orna mynasyp boldular.

Gazprom çagalar üçin atly sport toplumynda geçirilen ýaryşda Başa-baş söweş ugry boýunça hem-de erkekleriň we zenanlaryň arasynda Öz-özüňi goramak ugry boýunça dürli ýaş we agram derejelerinde 10 ýurtdan 600-den gowrak türgen bäsleşdi.

Uşu boýunça türkmen türgenleri üç altyn, bäş kümüş we 10 bürünç medal gazandylar.

10.Sankt-Peterburgyň Zenit topary hüjümçi Serdar Azmunyň yzyna transfer bolmagy baradaky teklip bilen Lewerkuzeniň Baýer toparyna ýüzlendi. 28 ýaşly hüjümçiniň Sankt-Peterburgyň toparyna gaýdyp gelmegi barada anyk maglumatlar heniz mälim edilmedi.

Diňe tomusky transfer möwsümi hakda gürrüň edilýändigi mälimdir.Türkmen gelip çykyşly eýranly futbolçy 2019-njy ýyldan 2022-nji ýyla çenli Zenitde çykyş etdi.Hüjümçi gök-ak-mawylaryň düzüminde 104 oýna gatnaşyp, 62 gol geçirdi we 17 netijeli pas berdi.

Azmun geçen möwsüm Bundesliganyň 23 oýnunda dört pökgi geçirip, bir netijeli pas berdi.

Ýene degişli makalalar

Arkadag şäherinde täze demir ýol menzili we awtomenzil gurlar, Londonyň howa menzili Türkmenistana uçuşlaryň tertibini köpçülige ýetirdi, Serdar Berdimuhamedow Ärdogany doglan güni bilen gutlady we beýleki habarlar
Türkmenistanda çaga welosipedleri öndürilip başlanar, Gülşat Mämmedowa Türkiýäniň Parlamentiniň başlygy Mustafa Şentop bilen duşuşdy, Aşgabatda türkmen-rus işewürlik forumy geçiriler we beýleki habarlar
Serdar Azmun italýan klubuna transfer boldy
Serdar Azmun Baýeri ýeňlişden halas etdi
Zenitiň Serdar Azmuny yzyna gaýdyp almagy mümkin
Serdar Azmun Baýerden Roma geçdi