Ispaniýanyň Sewilýa topary ýedinji gezek Ýewropa ligasynyň çempiony boldy

Ispaniýanyň Sewilýa topary ýedinji gezek Ýewropa ligasynyň çempiony boldy

Ispaniýanyň Sewilýa futbol kluby Italiýanyň Roma toparyny oýundan soňky 11 metrlik urgularda ýeňlişe sezewar edip, Ýewropa ligasynyň ýeňijisi boldy. Ýaryşyň final oýny penşenbe güni agşam Budapeşt şäherindäki Ferens Puşkaş stadionynda geçirildi.

Oýnuň esasy we goşmaça wagty 1:1 hasabynda deňlikde tamamlandy. 35-nji minutda Romanyň argentinaly wingeri Paulo Dibala toparyny hasapda öňe çykardy. Emma 55-nji minutdaky Janluka Mançininiň awtogoly sebäpli italýan topary ýeňşi elden çykardy.

Oýundan soňky 11 metrlik urgularda bolsa 4:1 hasabynda Sewilýa rüstem geldi.

Ýeri gelende bellesek, Sewilýa öz taryhynda ýedinji gezek Ýewropa ligasynyň çempiony bolmagy başardy. Bu ugurdaky rekordy özünde saklaýan Sewilýa şu wagta çenli 2006-njy, 2007-nji, 2014-nji, 2015-nji, 2016-njy hem-de 2020-nji ýyllarda ýaryşyň çempiony bolupdy.

Mundan başga-da, Sewilýanyň Ýewropa ligasynda çempion bolmak arkaly 2023/24-nji ýyllaryň futbol möwsüminde ÝÇL-iň toparçalaýyn tapgyrynda oýnamaga hukuk gazanandygyny bellemek gerek

Ýene degişli makalalar

UEFA “Sewilýa” Ligasy
UEFA Ýewropa Ligasynyň finaly ertir oýnalar
Finalda “Sewilýa” bilen “Roma” duşuşar
Ýewropa ligasynyň çärýek we ýarym final tapgyrlaryna bije çekildi
ÝEWROPADA 1-nji,DÜNÝÄDE 2-nji
“Mançester Ýunaýted” ispan klublaryndan ejir çekýär