FIFA, The Best ― 2020: Son Hyn Min ― Puşkaş baýragynyň eýesi

FIFA, The Best ― 2020: Son Hyn Min ― Puşkaş baýragynyň eýesi

FIFA tarapyndan ýylyň iň gowularyny saýlamak üçin onlaýn görnüşde geçirilen dabarada ikinji ugur ýylyň iň owadan goluny saýlamak bilen bagly boldy.

Başgaça, Puşkaş baýragy diýlip atlandyrylýan baýraga Tottenhemiň koreýaly futbolçysy Son Hyn Min mynasyp boldy. Onuň Býornli toparyna geçiren pökgüsi FIFA tarapyndan 2020-nji ýylda geçirilen iň owadan gol hökmünde yglan edildi.

Bu ugur boýunça koreýaly futbolçynyň bäsdeşleri Luis Suares (Atletiko) bilen Jorjian de Arraskaeta (Flamengo) boldy. Luis Suaresiň Barselonada çykyş edýärkä, Malýorkanyň, Jorjian Arraskaetanyň bolsa Saeranyň derwezesine geçiren gollary Ýylyň iň owadan goly baýragyna dalaşgär boldy.

2015б 2017 we 2019-njy ýyllarda Aziýanyň Iň gowy futbolçysy diýlip yglan edilen Son Hyn Min bäş gezek Koreýada Ýylyň futbolçysy boldy. Ol FIFA-nyň ýörite baýragyna birinji gezek mynasyp bolýar.

Ýene degişli makalalar

FIFA 2020-nji ýylyň iň gowy oýunçysy baýragynyň finalçylaryny mälim etdi
FIFA ýylyň iň gowularyny saýlaýar
FIFA ýylyň iň gowularyny saýlady
FIFA Puşkaş baýragyna dalaş edýän üç finalçynyň adyny aýtdy
Son Hyn Min 2020-nji ýylyň iň owadan goly üçin FIFA-nyň Puşkaş baýragyny aldy
Erik Lamela ýylyň iň owadan goly üçin FIFA-nyň baýragyna mynasyp boldy