FIFA Puşkaş baýragyna dalaş edýän üç finalçynyň adyny aýtdy

FIFA Puşkaş baýragyna dalaş edýän üç finalçynyň adyny aýtdy

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) iň owadan gol üçin Ferens Puşkaş adyndaky baýraga dalaş edýän oýunçylaryň üçlügini belli etdi. Bu barada matchtv.ru habar berýär.

Guramanyň saýtyny ulanyjylaryň arasynda geçirilen ses berişligiň netijesi boýunça sanawda 11 adamdan üçüsi galdy: “Tottenhemiň” ýarym goragçysy Erik Lamela, “Baýeriň” hüjümçisi Patrik Şik we “Portunyň” hüjümçisi Mehdi Taremi.

Ýeňijiniň ady 17-nji ýanwarda ýörite dabarada yglan ediler.

FIFA-nyň Ferens Puşkaş adyndaky baýragy 2009-njy ýyldan bäri jynsyna garamazdan geçen ýylda iň owadan goluň awtory bolan oýunça berilýär. Bu baýragyň häzirki eýesi Angliýanyň çempionatynyň oýnunda “Býornliniň” derwezesine gol geçiren “Tottenhemden” koreýaly Son Hyn Mindir.

Ýene degişli makalalar

FIFA ýylyň iň gowularyny saýlady
FIFA, The Best ― 2020: Son Hyn Min ― Puşkaş baýragynyň eýesi
Son Hyn Min 2020-nji ýylyň iň owadan goly üçin FIFA-nyň Puşkaş baýragyny aldy
FIFA ýylyň iň gowularyny saýlaýar
FIFA 2020-nji ýylyň iň gowy oýunçysy baýragynyň finalçylaryny mälim etdi
Ýylyň iň owadan goly üçin Puşkaş baýragyna dalaşgärler yglan edildi