Son Hyn Min 2020-nji ýylyň iň owadan goly üçin FIFA-nyň Puşkaş baýragyny aldy

Son Hyn Min 2020-nji ýylyň iň owadan goly üçin FIFA-nyň Puşkaş baýragyny aldy

“Tottenhem Hotspur” toparynyň hüjümçisi Son Hyn Min Halkara futbol federasiýasy tarapyndan iň owadan gol üçin berilýän Puskaş baýragyny aldy.

Son özüniň baýraga mynasyp bolan goluny Angliýanyň çempionatynyň 16-njy aýlawynda 2019-njy ýylyň 7-nji dekabrynda geçirilen "Börnlä" garşy oýunda geçiripdi.Oýunda hasap heniz 2:0 mahaly koreýaly oýunçy öz ýarym meýdançasynda topy saklady we şol ýerden hem garşydaşyň derwezesine tarap okduryldy. Şonda Son alty sany garşydaşyny aldap geçdi ýekme-ýek pursata çykdy.

Duşuşyk jemi 5:0 hasabynda tamamlandy.

Ýene degişli makalalar

FIFA 2020-nji ýylyň iň gowy oýunçysy baýragynyň finalçylaryny mälim etdi
FIFA ýylyň iň gowularyny saýlaýar
FIFA ýylyň iň gowularyny saýlady
FIFA, The Best ― 2020: Son Hyn Min ― Puşkaş baýragynyň eýesi
Ýylyň iň owadan goly üçin Puşkaş baýragyna dalaşgärler yglan edildi
FIFA Puşkaş baýragyna dalaş edýän üç finalçynyň adyny aýtdy