UEFA Ýewropa Ligasynyň finaly ertir oýnalar

UEFA-nyň 2-nji derejeli klub ýaryşy Ýewropa Ligasynda möwsümiň çempiony ertir belli bolar. Wengriýanyň paýtagty Budapeştdäki 67 müň 215 orunlyk Puşkaş Arena stadionynda oýnaljak finalda Ispaniýanyň Sewilýa topary bilen Italiýanyň Roma topary duşuşar. Aşgabat wagty bilen 00:00-da başlanjak oýna angliýaly Antoni Teýlor eminlik eder.

Sewilýa bu kubogy mundan öň 6 gezek eýelemegi başardy. Roma bolsa bu ýaryşda 2-nji gezek finala çykyp, 1991-nji ýylda Interden asgyn gelipdi.

Iki mundan öň 1 gezek resmi duşuşyk geçirdi. Ýewropa Ligasynyň çäginde 1/8 finalda pandemiýa sebäpli oýnalan 1 duşuşykda Sewilýa 2-0 ýeňipdi.

Ýene degişli makalalar

Alty topar Ýewropa çempionatyna ýollanma aldy
“Real Madridiň” yzly-yzyna 3-nji çempionlygy
Dördünji ýaryşda-da çempion üýtgänok
“Real Madridiň” yzly-yzyna 5-nji kubogy
“Real Madridiň” yzly-yzyna 5-nji kubogy
Bawariýamy ýa-da Sewilýa
“Bawariýamy” ýa-da “Sewilýa”