Bawariýamy ýa-da Sewilýa

Geljek hepdäniň penşenbe güni, has takygy, 24-nji sentýabrdan 25-nji sentýabra geçilýän gijede UEFA Super Cup duşuşygy oýnalar. 45-nji gezek geçiriljek bu duşuşykda UEFA Çempionlar ligasynyň ýeňijisi Bawariýa bilen UEFA Ýewropa ligasynyň ýeňijisi Sewilýa toparlary özara duşuşarlar.

Wengriýanyň paýtagty Budapeştdäki Puşkaş Arenada oýnaljak oýun Aşgabat wagty bilen 00:00-da başlanar.Duşuşyga angliýaly Entoni Teýlor eminlik eder.Iki topar 3-nji gezek duşuşar.Mundan ozal olar UEFA Çempionlar ligasynyň 2017-2018 möwsüminde çärýek finalda duşuşypdylar.

Bawariýa myhmançylykda 2-1 ýeňiş gazanypdy.Jogap duşuşygy bolsa golsuz deňlikde tamamlanypdy.Iki topar hem şu wagta çenli diňe 1 gezek bu arzyly kubogy gazandylar.Sewilýa 2006-njy, Bawariýa 2013-nji ýylda kubogy eýeläpdi. Şeýle-de Sewilýa 4 (2007, 2014, 2015, 2016), Bawariýa 3 (1975, 1976, 2001) gezek bu duşuşykda ýeňlişe sezewar bolupdy.

Ýene degişli makalalar

Finalda “Sewilýa” bilen “Roma” duşuşar
UEFA Ýewropa Ligasynyň finaly ertir oýnalar
UEFA “Sewilýa” Ligasy
Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet gullugy akademiýasynyň täze binalar toplumyny açdy, Arkadag şäherinde bilim edaralarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy, täze metbugat-sekretaryny wezipä belledi we beýleki habarlar
Alty topar Ýewropa çempionatyna ýollanma aldy
“Real Madridiň” yzly-yzyna 3-nji çempionlygy
Dördünji ýaryşda-da çempion üýtgänok