Finalda “Sewilýa” bilen “Roma” duşuşar

UEFA Ýewropa Ligasynyň finalynda Ispaniýanyň “Sewilýa” topary bilen Italiýanyň “Roma” topary duşuşar. Ýarym finalyň jogap duşuşygynda “Ýuwentus” goşmaça wagtda 2-1 (Suso 71, Lamela 95 Wlahowiç 65) hasabynda ýeňen “Sewilýa” 7-njy gezek bu ýaryşyň finalyna çykýar.

Mundan öňki 6 finalynda-da kubogy eýelän “Sewilýanyň” finaldaky garşydaşy başga bir italýan kluby “Roma boldy. “Roma” 1-0 ýeňiş gazanan duşuşygynyň jogap oýnunda “Baýer” bilen golsuz deňme-deň oýnap, Ýewrokuboklarda bassyr 2-nji sapar finala çykdy.

Rimliler geçen möwsümde Ýewropa Konferensiýa Ligasynyň ilkinji çempiony bolupdy.

“Sewilýa” bilen “Romanyň” arasyndaky final duşuşygy 31-nji maýda Wengriýanyň paýtagty Budapeşt şäherindäki Ferens Puşkaş Arena stadionynda oýnalar.

Ýene degişli makalalar

47-nji kubogyny gazanan Messi futbolyň taryhyndaky iň köp asist eden futbolçy
Dron hüjümleri Russiýanyň günortasynda howa gatnawyny bökdedi
Putin Fiso Russiýanyň Slowakiýa energiýa üpjünçiligi üçin "ähli zady" etjekdigini aýtdy
Putin: Rus esgerleri NATO tarapyndan ýaraglanan we goldanylýan agressiw güýç bilen ýüzbe-ýüz bolýar
HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ ADYNA GELEN HATLAR
Türkmen milli konserwatoriýasynda Ýeňiş güni mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi