24-nji sentýabrdan 25-nji sentýabra
geçilýän gijede, ýagny ertir ýarygije UEFA Super Kubogy duşuşygy oýnalar. 45-nji gezek geçiriljek bu duşuşykda UEFA Çempionlar ligasynyň ýeňijisi “Bawariýa” bilen UEFA Ýewropa ligasynyň ýeňijisi “Sewilýa” toparlary özara duşuşarlar.
Wengriýanyň paýtagty Budapeştdäki Puşkaş Arenada oýnaljak oýun Aşgabat wagty bilen 00:00-da başlar. Duşuşyga
angliýaly Entoni
Teýlor eminlik
eder.
Bu oýun iki toparyň özara 3-nji duşuşygy
bolup, olar mundan ozal UEFA Çempionlar
ligasynyň 2017-2018 möwsüminde çärýek
finalda duşuşypdylar. Şol oýunlarda “Bawariýa” myhmançylykda 2-1 ýeňiş gazanypdy. Jogap duşuşygy bolsa
golsuz deňlikde tamamlanypdy.
Iki topar hem şu wagta çenli diňe 1 gezek bu
arzyly kubogy gazandylar. “Sewilýa” 2006-njy, “Bawariýa” 2013-nji ýylda kubogy eýeläpdi. Şeýle-de “Sewilýa” 4 (2007, 2014, 2015, 2016), “Bawariýa” 3 (1975, 1976, 2001) gezek UEFA Super Kubogy duşuşygynda
ýeňlişe sezewar boldy.
