BAE-niň we Gazagystanyň işewürleri $9,62 millionlyk polipropilen satyn aldylar

BAE-niň we Gazagystanyň işewürleri $9,62 millionlyk polipropilen satyn aldylar

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) anna güni daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň jemi bahasy 9 million 620 müň ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy habar berdi.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň we Gazagystanyň işewürleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen TPP D 382 BF kysymly polipropileni satyn aldylar.

Şeýle hem ýerli telekeçiler içerki bazar üçin şepbeşik nebit ýol bitumyny, türkmen el halysyny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 2 million 517 müň 996,83 manada barabar boldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň jemi bahasy 28 million 619 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy.

1994-nji ýylda döredilen TDHÇMB Türkmenistanda eksport-import amallaryny kadalaşdyrýan esasy edaradyr.

Ýene degişli makalalar

TDHÇMB-da penşenbe güni eksport geleşikleri $18,2 milliondan geçdi
TDHÇMB-da eksport geleşikleri $14 milliona golaýlady
Birža söwdalarynda “B” kysymly karbamid uly islegden peýdalandy
Birža söwdalarynda "B" kysymly karbamid eksport edildi
Dekabr 2023: TDHÇMB-daky eksport söwdalarynyň umumy möçberi $155 milliondan geçdi
TDHÇMB: Gazagystanyň we Türkiýäniň işewürleri polipropilen satyn aldylar