TDHÇMB: Gazagystanyň we Türkiýäniň işewürleri polipropilen satyn aldylar

TDHÇMB: Gazagystanyň we Türkiýäniň işewürleri polipropilen satyn aldylar

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) anna güni daşary ýurt puluna geçiren söwdalarynda Gazagystanyň we Türkiýäniň işewürleri TPP D 30 S kysymly polipropileni satyn almak boýunça geleşik baglaşdylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň habar bermegine görä, birža söwdalarynda TPP D 30 S kysymly polipropileni satyn almak boýunça baglanşylan geleşikleriň jemi bahasy 6 million 340 müň ABŞ dollaryna deň boldy.

Pakistandan gelen telekeçiler umumy bahasy 300 müň ABŞ dollaryna deň bolan çig-ýüpek satyn aldylar.

Şeýle hem içerki bazar üçin ýerli telekeçiler şepbeşik nebit ýol bitumyny, türkmen el halysyny, taýýar düşekçe toplumyny satyn almak boýunça geleşik baglaşdylar. Geleşikleriň jemi bahasy 16 million 246 müň 308 manada barabar boldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň jemi bahasy 51 million 329 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy.

Ýene degişli makalalar

TDHÇMB-da penşenbe güni eksport geleşikleri $18,2 milliondan geçdi
Birža söwdalarynda "B" kysymly karbamid eksport edildi
TDHÇMB: Daşary ýurtly telekeçiler nah ýüplügini satyn aldylar
Dekabr 2023: TDHÇMB-daky eksport söwdalarynyň umumy möçberi $155 milliondan geçdi
TDHÇMB-da eksport geleşikleri $29,5 milliondan geçdi
TDHÇMB-da daşary ýurtly işewürler nebit-himiýa önümlerini satyn aldylar