TDHÇMB-da eksport geleşikleri $29,5 milliondan geçdi

TDHÇMB-da eksport geleşikleri $29,5 milliondan geçdi

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) anna güni daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň jemi bahasy 29 million 527 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy habar berdi.

Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri daşary ýurt puluna “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen SN-180 kysymly başlangyç ýagyny, L-0,5-62 kysymly dizel ýangyjyny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 23 million 827 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.

Gazagystandan gelen telekeçiler umumy bahasy 4 million 300 müň ABŞ dollaryna deň bolan TPP D 30 S kysymly polipropileni satyn aldylar.

Şeýle hem Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň işewürleri nah ýüplük, dürli reňklerdäki we dürli ölçeglerdäki düz boýalan žakkard sütükli önümleri, jins balagy we jins matasyny satyn adylar. Geleşikleriň jemi bahasy 1 million 400 müň 684,07 ABŞ dollaryna deň boldy.

Içerki bazar üçin ýerli telekeçiler umumy bahasy 3 million 57 müň 24,683 manada barabar bolan TPP D 30 S kysymly polipropileni, türkmen el halysyny, düz aýnany satyn adylar.

1994-nji ýylda döredilen TDHÇMB Türkmenistanda eksport-import amallaryny kadalaşdyrýan esasy edaradyr.

Ýene degişli makalalar

Birža söwdalarynda "B" kysymly karbamid eksport edildi
TDHÇMB-da eksport geleşikleri $14 milliona golaýlady
TDHÇMB-da eksport geleşikleri $18 milliona golaýlady
Birža söwdalarynda “B” kysymly karbamid uly islegden peýdalandy
Dekabr 2023: TDHÇMB-daky eksport söwdalarynyň umumy möçberi $155 milliondan geçdi
TDHÇMB: Gazagystanyň we Türkiýäniň işewürleri polipropilen satyn aldylar