BAE Türkmenistanyň demir ýoly arkaly ýükleri daşamaga gyzyklanma bildirýär

BAE Türkmenistanyň demir ýoly arkaly ýükleri daşamaga gyzyklanma bildirýär

Ýewraziýa Ykdysady Komissiýasynyň (ÝYK) Energetika we infrastruktura ministri Arzybek Kožoşew bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Russiýadaky ilçisi Mohammad Ahmad Al-Jaberiň arasynda penşenbe güni duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Ýewraziýa Ykdysady Birleşmesiniň (ÝYB) agza ýurtlary bilen BAE-niň arasyndaky ulag aragatnaşygy, şol sanda Türkmenistanyň üsti bilen demir ýol arkaly ýük daşamalary ara alnyp maslahatlaşyly.

Ýewraziýa Ykdysady Komissiýasynyň penşenbe güni habar bermegine görä, taraplar Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesini ösdürmegiň we energiýanyň alternatiw çeşmelerini ornaşdyrmagyň çäginde ÝYB-nyň agza ýurtlary bilen BAE-niň arasyndaky hyzmatdaşlyk meselelerine garadylar.

Arzybek Kožoşew ÝYB ýurtlaryndan harytlaryň Türkmenistanyň we Eýranyň üsti bilen demir ýol arkaly, soňra deňiz ýoly arkaly BAE-ne we yzyna daşalmagyny giňeltmek üçin mümkinçilikleriň öwrenilýändigini aýtdy.

Şeýle hem Ýewraziýa Ykdysady Komissiýasynyň Energetika we infrastruktura ministri ÝYB ýurtlarynyň “Ýewraziýa agroekspresi” atly bilelikdäki taslamasynyň çäginde bäş ýurduň azyk önümleriniň BAE-e daşalmagyny artdyrmak mümkinçiliklerine aýratyn üns berilýändigini belledi.

Mohammad Ahmad Al-Jaber BAE-nyň ulag we energetika pudagynda ÝYB bilen gepleşikleri geçirmäge taýýardygyny, şeýle hem Birleşen Arap Emirlikleri bilen ÝYB-nyň arasynda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ylalaşygyň ýakyn wagtda baglaşylmagyna gyzyklanma bildirilýändigini mälim etdi.

Türkmenistan şu ýylyň aprel aýynda Ýewraziýa Ykdysady Birleşmesiniň agza ýurtlarynyň “Ýewraziýa agroekspresi” atly taslamasyna goşuldy.

Ýene degişli makalalar

ÝYB ýurtlary üçin umumy gaz bazary barada ylalaşyk taslamasy düzüldi
Serdar Berdimuhamedow ÝHG mejlisine gatnaşmak üçin Kazana bardy
Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesiniň geçirijiligini 15 million tonna ýetirmek meýilleşdirilýär
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekmek dabarasy bolup geçdi
Türkmenistan bilen “JCB Sales Limited” özara düşünişmek Ähtnamasyna gol çekdi
Türk we Türkmen Işewürleriniň Maslahaty Geçirildi