ÝYB ýurtlary üçin umumy gaz bazary barada ylalaşyk taslamasy düzüldi

ÝYB ýurtlary üçin umumy gaz bazary barada ylalaşyk taslamasy düzüldi

Ýewraziýa Ykdysady Komissiýasy (ÝYK) umumy gaz bazary baradaky ylalaşygyň taslamasyny Ýewraziýa Ykdysady Birleşmesiniň (ÝYB) agza ýurtlaryna iberdi. Bu barada “TASS” agentligi duşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, bu resminama bileleşigiň agza ýurtlary bolan Ermenistana, Belarusa, Gazagystana, Gyrgyzystana we Russiýa iberildi. Bu meseläniň Ýewraziýa Ykdysady geňeşiniň mejlisinde gozgaljakdygy sebäpli, ady agzalan ýurtlardan taslamanyň içerki tassyknamasyny çaltlaşdyrmak teklip edildi. Taslamany indiki ýyl tassyklamak we 2025-nji ýyldan başlap umumy gaz bazaryny ýola goýmak meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň sişenbe güni habar berşi ýaly, Türkmenistan ÝYB-nyň agzasy däldigine garamazdan bileleşigiň agza ýurtlary bilen ýakyn ykdysady we şol sanda gaz söwdasy bazarynda hyzmatdaşlygy ösdürýär. Hususan-da, türkmen tebigy gazyny satyn alýan Russiýa Türkmenistanyň gaz pudagynda möhüm hyzmatdaşy bolup çykyş edýär.

Bilermenleriň çaklamalaryna görä, ÝYB-da umumy gaz bazarynyň döredilmegi Türkmenistan bilen bileleşigiň ýurtlarynyň ýangyç-energetika pudagynda hyzmatdaşlygynyň ösmegine goşant goşar.

Umumy gaz bazary gaz söwdasynyň düzgünleriniň birleşdirilmegini, bahalaryň we nyrhlaryň birmeňzeş emele gelmeginiň durmuşa geçirilmegini, agza ýurtlaryň gaz pudagynyň kanunçylygyny kadalaşdyrmagyny, şeýle hem gaz geçelgesi ulgamy üçin ýeke-täk elýeterlilik düzgünlerini göz öňünde tutýar.

Ýene degişli makalalar

Serdar Berdimuhamedow ÝHG mejlisine gatnaşmak üçin Kazana bardy
BAE Türkmenistanyň demir ýoly arkaly ýükleri daşamaga gyzyklanma bildirýär
Aşgabatda suw üpjünçiligi, sanitariýa, gigiýena we saglygy goraýyş meseleleri boýunça milli mejlis geçirildi
Aşgabatda 2026-njy ýylda SPECA ykdysady forumy geçiriler
Demir ýol ulgmy - 2018
BMG-nyň Ýewropa ykdysady komissiýasy bilen hyzmatdaşlygyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy