Bäş günden hem uzak tans eden gyz Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Bäş günden hem uzak tans eden gyz Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Hindistanly gyz gysga arakesmeler bilen 127 sagatlap tans etdi we dünýä rekordyny goýdy.

Gürrüň 16 ýaşly Sruşti Sudhir Jagtap diýen gyz barada barýar. Ol tans mekdepleriniň biriniň otagynda 29-njy maýda irden tans edip başlady we tansyny 3-nji iýunda, sagat 12:00-da tamamlady. Tans tutuşlygyna 7620 sagat dowam etdi.

Ol kathak tansyny ýerine ýetirdi. Bu nusgawy hindi tanslarynyň biridir. Her sagatdan soň Sruşti 15 minut arakesme etdi. Ol, esasan, gijelerine arakesme edip, dynç aldy.

Öňki rekord 126 sagatdyr. Ony bäş ýyl öň Nepaldan tansçy gyz Bandana Nepal goýdy. Hindistanly gyz ondan bir sagat ozdurdy diýip, UPI habarlar gullugy ýazýar.

Ýene degişli makalalar

DOKMAÇYLARY DÜNÝÄ ÇYKARAN ÝOLLAR
Tibetde güýçli ýer titredi
Tebigata has güýçli baglanyşygy bolan ýurtlar
Türkmenistanyň 17 ýaşa çenli futbol ýygyndysynyň Aziýanyň kubogy ― 2025-iň saýlama tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy
Türkmen wekiliýeti halkara parlament forumyna gatnaşar
Demirgazyk Koreýa Ýene-de 2 Ilçihanasyny Ýapdy