Bäsdeşlige ukyply önümler bazardaky ornuny pugtalandyrýar

Bäsdeşlige ukyply önümler bazardaky ornuny pugtalandyrýar

Öňňin Gökdepe etrap merkezinde etrapdaky Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Dokma toplumynyň tikinçilik bölüminiň durky döwrebaplaşdyrylan binasynyň işe girizilmegi hem-de bu binada täze Gala dükanynyň açylmagy mynasybetli dabara geçirildi. Oňa etrap häkimliginiň, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler, şeýle-de dokma senagaty pudagynyň işgärleri gatnaşdy.

Dabarada gutlag sözleri bilen çykyş edenler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň dokma pudagynyň önümçilik kuwwatyny has-da ýokarlandyrmakda, daşary ýurtlardan getirilýän dokma önümleriniň ornuny tutýan hem-de daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyply eksport ugurly taýýar önümleriň öndürilýän möçberlerini artdyrmakda, ilaty ýokary hilli dokma önümleri bilen üpjün etmekde Gökdepäniň Dokma toplumynda işleýän işçileriň saldamly goşandynyň bardygyny guwanç bilen bellediler.

Gürrüňi edilýän toplumyň tikinçilik bölüminiň durky döwrebaplaşdyrylan binasynyň işe girizilmeginiň, ol ýerde Gala dükanynyň açylmagynyň ähmiýeti dogrusynda aýdylanlar dabara gatnaşyjylar tarapyndan gyzgyn garşylandy.Bellenilişi ýaly, bularyň ählisi öndürilýän önümiň möçberini artdyrmakda, hilini has-da ýokarlandyryp, bäsdeşligini ýokarlandyrmakda ähmiýetlidir.

Mälim bolşy ýaly, Gala söwda nyşanly taýýar dokma önümleri bu gün ýurdumyzyň Dokma senagaty ministrliginiň dükanlarynyň iň geçginli önümleridir.Türkmen pagtasynyň gaýtadan işlenilmegi netijesinde taýýarlanýan ýokary hilli matalardan dokalýan dürli biçüwdäki lybaslaryň hyrydary barha artýar.

Daşary bazarda-da ornuny barha pugtalandyrýan bu önümleriň bellibir möçberi indi durky döwrebaplaşdyrylan tikinçilik bölüminiň binasynda tikiler.Munuň üçin ol ýerde ähli şertlerdir mümkinçilikler göz öňüne tutulandyr.

Bu ýerde etrabyň medeniýet we sungat ussatlary tarapyndan ýerine ýetirilen aýdym-sazly çykyşlardan ruhy lezzet alan dabara gatnaşyjylar, ilki bilen, iki gatdan ybarat bolan binanyň tikinçilik bölümine aýlanyp gördüler. Tikinçileriň 160-synyň zähmet çekmegi üçin mümkinçiligi bolan bu bölümde tikinçilik işini ýokary talaplara laýyklykda alyp barmaga giň şertler döredilipdir.

Dabara gatnaşyjylar täze, Gala dükanyna aýlanyp görmek bilen ondaky dokma önümleriniň dürli görnüşini synlap, olara ýokary baha berdiler. Gala brend nyşanly köýnekler olarda aýratyn uly gyzyklanma döretdi. Türkmen halysynyň baýramynyň öňüsyrasynda şeýle ajaýyp wakalaryň bolmagy ýurdumyzyň dokma senagaty pudagynyň döwrebap ösüşleriniň dabaralanmasy bolup kalplara doldy.

Aýdo ŞEKEROW,

ýörite habarçymyz. Surata düşüren awtor.

https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/29940

Ýene degişli makalalar

Türkmen işewür we ýolbaşçy zenanlary Her gün üçin HR gurallar ussatlyk sapagyna çagyrylýar
Braziliýa Final Bäsleşigine Gatnaşmaga Hukuk Gazandy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Baýramçylyk çapyşygynyň Baş baýragynyň ýeňijisi haýsy at bolar?
ВЫСТУПЛЕНИЕ ПРЕЗИДЕНТА ТУРКМЕНИСТАНА СЕРДАРА БЕРДЫМУХАМЕДОВА НА ДОВЛЕТ МАСЛАХАТЫ
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Döwlet Maslahatyndaky ÇYKYŞY
Buker baýragynyň dalaşgärleriniň uzyn sanawy belli boldy