Türkmen işewür we ýolbaşçy zenanlary Her gün üçin HR gurallar ussatlyk sapagyna çagyrylýar

Türkmen işewür we ýolbaşçy zenanlary Her gün üçin HR gurallar ussatlyk sapagyna çagyrylýar

Bäsdeşligiň yzygiderli artýan we işewürligiň öňünde durýan wezipeleriň barha çylşyrymlaşýan häzirki zaman dünýäsinde hünärmenleri netijeli dolandyrmagyň ähmiýeti öňdäki hatarlara çykýar.

Türkmenistanyň işewür gelin-gyzlary we zenan ýolbaşçylary ýurduň ykdysadyýetiniň ösmeginde barha işjeň orny eýeleýärler. Olar kompaniýalary üstünlikli dolandyrýarlar, giň gerimli taslamalary durmuşa geçirýärler hem-de ýurduň gülläp ösmegine öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Üstünlikli netije gazanmak üçin hünärmenleri oýlanyşykly dolandyrmagyň möhümdigini nazarda tutup, ýörite türkmen işewür we ýolbaşçy zenanlary üçin Her gün üçin HR gurallar ussatlyk sapagy işlenip düzüldi.

Ussatlyk sapagynda şular öwredilýär:

- işgärleri nädip tapmaly, işe çekmeli, höweslendirmeli we saklamaly;

- kompaniýada HR ulgamyny nädip ýola goýmaly;

- HR brendini nädip döretmeli we ösdürmeli;

- sylaglamagyň usullary we ulgamlary — nämeden başlamaly we ony nädip durmuşa geçirmeli;

- resminamalary taýýarlamak we beýleki işler.

Çäräniň spikeri — işewürlik tälimçisi we sertifikatly maslahatçy, gazagystanly strategik dolandyryş we HRM/HRD boýunça bilermen Walentina Grigorýewna.

Ussatlyk sapagy 27-nji martda geçiriler.

Gatnaşmak tölegli. Ussatlyk sapagynyň tölegini we geçirilýän ýerini anyklamak üçin guramaçylar bilen şu telefon belgisi arkaly habarlaşyp bilersiňiz: (+993 65) 07 76 92.

Deslapdan ýazylmak şu salgylanmada elýeterlidir.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Blinken Aliýew we Paşinýan bilen duşuşyk geçirdi
Ermenistanyň Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň Baş Sekretary Armen Grigorýan Eýranda Saparda Boldy
ŞHG ýeke-täk puly ulanmakçy däl
Ynjyk oglanjygyň zähmeti
Türkmenistanyň halk artisti Begli Babanyýazow 95 ýyllygy (1928-2006)
Moskwa: "Ukrainaly 700 müň çaga Russiýada" diýdi