ŞHG ýeke-täk puly ulanmakçy däl

ŞHG ýeke-täk puly ulanmakçy däl

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynda özara hasaplaşyklarda dollardan agza ýurtlaryň milli pullaryna geçmek boýunça Ýol kartasy işlenip düzülýär. Häzirlikçe ýeke-täk puly ulanmak barada pikir ýok diýip, guramanyň Baş sekretarynyň orunbasary Grigoriý Logwinow habar berdi diýip, Interfax.ru ýazýar.

Logwinow bu barada Belarus 1 döwlet teleýaýlymyna beren interwýusynda aýtdy.

Ol şeýle-de, dollardan doly ýüz öwürmek üçin köp işlemelidigini hem-de uzak ýol geçmelidigini belledi. ŞHG-niň bitewi pul birligi barada aýdylanda, şeýle maksat heniz ýok. Galanyny wagt görkezer diýip, baş sekretaryň orunbasary sözüniň üstüni ýetirdi.

Ýene degişli makalalar

BMG-niň Baş sekretary Gazagystanda geçjek ŞHG-niň sammitine çagyryldy
Gyrgyzystan, Özbegistan we Russiýa Türkmenistanyň üsti bilen ulag geçelgesini ösdürmekçi
Eýran we Gyrgyzystan Türkmenistanyň üstünden demir ýol geçelgesini işe girizmekçi
Türkmenistan ŞHG-niň we GDA-nyň Hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlislerine gatnaşdy
Türkmen wise-premýeri we ŞHG-nyň Hökümet Baştutanlary Gyrgyzystanyň Baştutany bilen duşuşdylar
Türkmenistan ŞHG-niň Hökümet baştutanlarynyň mejlisine gatnaşýar