Türkmenistan ŞHG-niň Hökümet baştutanlarynyň mejlisine gatnaşýar

Türkmenistan ŞHG-niň Hökümet baştutanlarynyň mejlisine gatnaşýar

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Hökümet baştutanlarynyň 22-nji mejlisine gatnaşdy. Bu barada Gyrgyzystanyň Hökümetiniň metbugat gullugy habar berdi.

Mejlise Belarus Respublikasynyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Hytaýyň, Mongoliýanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistanyň gem-de Özbegistanyň Hökümet ýolbaşçylary, şeýle-de Hindistanyň we Pakistanyň daşary işler ministrleri gatnaşdylar.

Mejlisiň dowamynda ŞHG-niň çäginde söwda-ykdysady, energetika, ulag we oba hojalygy ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda birnäçe teklipler öňe sürüldi. Hususan-da, ŞHG-niň umumy ykdysady bazaryny döretmek, ekologiýa we howanyň üýtgemegine garşy göreş meselelerine aýratyn üns berildi.

Mejlisiň jemleri boýunça 14 resminama gol çekildi. Olaryň hatarynda ŞHG-a agza döwletleriň ministrlikleriniň hem-de döwlet edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegini öwrenmek başlangyjyny, şeýle hem 2024-nji ýylda ŞHG-niň çäklerinde Ekologiýa ýyly bilen bagly hereketleriň meýilnamasyny aýratyn belläp bolar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan ŞHG-niň we GDA-nyň Hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlislerine gatnaşdy
Türkmenistan ŞHG-nyň hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisine gatnaşar
Türkmen wise-premýeri we ŞHG-nyň Hökümet Baştutanlary Gyrgyzystanyň Baştutany bilen duşuşdylar
Türkmenistan we Pakistan TOPH taslamasynyň gurluşygyny çaltlaşdyrmak üçin gepleşikleri dowam etdirer
BMG-niň Baş sekretary Gazagystanda geçjek ŞHG-niň sammitine çagyryldy
Gyrgyzystan, Özbegistan we Russiýa Türkmenistanyň üsti bilen ulag geçelgesini ösdürmekçi