Türkmenistan ŞHG-nyň hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisine gatnaşar

Türkmenistan ŞHG-nyň hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisine gatnaşar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady, bank we halkara maliýe guramalary meseleleri boýunça orunbasary Hojamyrat Geldimyradowyň 26-njy oktýabrda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmagyna garaşylýar. Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň metbugat beýanatynda bu barada aýdylýar.

Şeýle hem şol gün — 26-njy oktýabrda Bişkekde GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň we Ýewraziýa Hökümetara Geňeşiniň mejlisleri hem geçiriler.

Bu çärelere Türkmenistanyň wekili bilen bir hatarda Belarusyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Hytaýyň, Mongoliýanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Hökümet Baştutanlary, şeýle hem Hindistanyň we Pakistanyň daşary işler ministrleri gatnaşarlar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan ŞHG-niň we GDA-nyň Hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlislerine gatnaşdy
Türkmenistan ŞHG-niň Hökümet baştutanlarynyň mejlisine gatnaşýar
Türkmen wise-premýeri we ŞHG-nyň Hökümet Baştutanlary Gyrgyzystanyň Baştutany bilen duşuşdylar
Türkmenistan we Pakistan TOPH taslamasynyň gurluşygyny çaltlaşdyrmak üçin gepleşikleri dowam etdirer
BMG-niň Baş sekretary Gazagystanda geçjek ŞHG-niň sammitine çagyryldy
Gyrgyzystan, Özbegistan we Russiýa Türkmenistanyň üsti bilen ulag geçelgesini ösdürmekçi