BAF Hytaýy dünýä birikdirýär

Şu ýylyň 8-11-nji apreli aralygynda Hytaýyň günortasyndaky Haýnan welaýatynda Boao Aziýa forumy geçirilip, ol dünýäniň dürli ýurtlaryndan 2 müňden gowrak myhmany bir ýere jemledi.Boao Aziýa forumy häzirki wagtda dünýäniň we sebitiň ýüzbe-ýüz bolýan dürli meselelerini çözmek üçin wajyp guramadyr.

Bu forumda maliýe, ylym, tehnika, blokçeýn, özara gatnaşyklary ösdürmek, gurluşyk, infrastruktura, söwda we walýuta syýasaty ýaly dürli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.Hytaýyň reforma açyklyk syýasatynyň 40 ýyllygyna gabatlanan bu forumyň açylyş dabarasyna gatnaşan HHR-iň başlygy Si Szinpin globallaşmagyň ähli ýurtlaryň umumy bähbidinden ugur alýandygyny nygtady.

Ol öz çykyşynda Hytaýyň reforma we açyklyk syýasatynyň gazananlaryna, onuň dünýädäki ähmiýetine, täze taryhy eýýamda Hytaýyň daşarky dünýä açyklygyny öňe ilerletmäge we reforma syýasatyny çuňlaşdyrmaga aýratyn üns berilýändigini belledi.BAF özüniň esaslandyrylan gününden bäri, Aziýanyň ösüşine gönükdirilen sebit aragatnaşyklaryny işjeňleşdirmek maksady bilen ähli tagallalaryny orta goýýar.

Bu forum “Açyk, innowasion Aziýa we gülläp ösýän dünýä” diýen şygar astynda geçirilip, onuň çäklerinde “Globallaşmak” we “Bir zolak, bir ugur”, “Açyk Aziýa”, “Innowasiýa” we “Täze reformalar” ýaly mowzuklarda 60-dan gowrak mejlisler geçirildi.BAF döredilen gününden bäri 17 ýylyň dowamynda öz gerimini hemişe giňeldýär we täsirini çuňlaşdyrýar.

Bu foruma diňe bir Aziýanyň myhmanlary däl, eýsem, Awstriýanyň Prezidenti Aleksandr Wan der Bellen, Niderlandlaryň premýer-ministri Mark Rýutte, BMG-niň baş sekretary Antonio Guterreş, Halkara Pul Gaznasynyň prezidenti Kristin Lagard we beýlekiler gatnaşdylar. Şeýlelikde, öz gerimini barha giňeldýän Boao Aziýa forumy Hytaýy dünýä bilen birleşdirýän köpri bolup hyzmat edýär.

Täze başlygy Pan Gi Mun boldyBMG-niň ozalky baş sekretary Pan Gi Mun Boao Aziýa forumy (BAF) geňeşiniň başlyklygyna saýlandy.Mundan ozal, bu wezipäni Ýaponiýanyň ozalky premýer-ministri Ýasuo Fukuda ýerine ýetirýärdi.

Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Li Baodunyň BAF-yň baş sekretarlygyna bellenilendigi barada BAF geňeşiniň täze düzüminiň maslahatynyň netijeleri boýunça neşir edilen beýanatda mälim edilýär.BAF-yň her ýylda geçirilýän maslahatynyň çäklerinde Hytaýyň Merkezi bankynyň direktory Çžou Sýoçuan Hytaýyň bu geňeşdäki baş wekilligine saýlandy.

BAF-yň düzgünnamasyna laýyklykda, ol wezipesi boýunça Geňeşiň başlygynyň orunbasary we agzasy bolup durýar.Geňeşiň täze düzümi 19 adamdan ybarat bolup, olaryň 12-si täze saýlandy.Ozalky ýokary wezipeli döwlet ýolbaşçylary, işewürler hem-de Aziýanyň we dünýäniň beýleki ýurtlarynyň görnükli wekilleri Boao Aziýa forumynyň täze agzalary boldular.2001-nji ýylda esaslandyrylan Boao Aziýa forumy döwlete degişli däl hem-de söwda maksatly bolmadyk gurama bolup, onuň işiniň maksady sebitiň ykdysady aragatnaşygyny ilerletmäge we Aziýa ýurtlarynyň ösüş maksatnamalaryna ýardam etmäge gönükdirilendir.

Ýene degişli makalalar

Boaodaky Aziýa forumyna 60 ýurtdan 2 müň wekil gatnaşýar
Hytaýdaky ýer titremede ýogalanlaryň sany 149 adama ýetdi
Ýurdumyzyň binagärlik keşbine ýokary baha
90 ýyllyk “La Liga”
Kiçi we arzan