Ýurdumyzyň binagärlik keşbine ýokary baha

Milli Liderimiziň türkmen halkynyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, ýurdumyzyň şäherlerinde we obalarynda halkara ülňülerine laýyk gelýän zerur düzümi döretmek boýunça alyp barýan syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Paýtagtymyz Aşgabat bilen bir hatarda, ýurdumyzyň ähli künjeginde bina edilýän köp sanly desgalar, ilkinji nobatda bolsa, soňky ýyllarda toplumlaýyn häsiýete eýe bolan ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlary, ulag-ýol düzüminiň döwrebaplaşdyrylmagyna hyzmat edýän gara we polat ýollary, howa we deňiz menzilleri döwlet Baştutanymyzyň amala aşyrýan şähergurluşyk syýasatynyň özboluşly nyşanyna öwrüldi.

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory diýen belent ada eýe bolan hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň şähergurluşygyny dünýä derejesine ýetirmekde, paýtagtymyzy ösdürmekde amala aşyrýan ägirt uly hyzmatlary aýratyn bellärliklidir.Aşgabat şäheriniň täze, ajaýyp keşbiniň döredilmeginde hormatly Prezidentimiziň jöwher zehininiň döredijilikli başlangyçlary bar. Şonuň üçin hem paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli ýerinde gurulýan desgalar halkara jemgyýetçiliginiň ýokary bahasyna mynasyp bolýar.

Käbir desgalar binagärçilik aýratynlyklary boýunça Ginnesiň rekordlar kitabynda öz mynasyp ornuny alýan bolsa, käbiri dünýäniň iri neşirleri boýunça öňdebaryjylaryň sanawyna goşulýar. Öňdebaryjy neşiriň sanawyna goşulan desgalaryň biri-de Aşgabadyň Halkara howa menzilidir.

Ol Indoneziýanyň “TribunTravel” neşiriniň maglumatyna görä, dünýäniň iň owadan hem-de gelşikli howa menzilleriniň arasynda birinjiligi eýeledi.Laçynyň şekilini emele getirýän Halkara howa menzili ýurdumyzyň paýtagtynyň howa derwezesidir.

Häzirki zaman howa menziliniň netijeli işi onuň daşky we içki gurluşynyň bezegleri bilen sazlaşyklydyr.Her ýyl millionlarça ýolagça hyzmat etmäge ukyply bolan howa menzili Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.Aşgabadyň Halkara howa menzili Abu-Dabiniň halkara aeroporty, Fransiýadaky Lion-Sent-Ekzýuperi halkara aeroporty, Marokkonyň Marrakeş Menara aeroporty, Hytaýyň Şençžen Baoan halkara aeroporty we Pekiniň halkara aeroporty bilen bäsleşip, öňdeligi eýeledi.Mundan başga-da, ýurdumyzda bina edilýän täze, belent binalaryň her biri üýtgeşik binagärlik we inžener-tehniki çözgütleri bilen tapawutlanýar.

Muny paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli binagärligiň ösüşi” atly binagärlik döredijilik sergisinde-de görmek bolýar.Sergide dolandyryş we edara jaýlarynyň, söwda we dynç alyş merkezleriniň, ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlarynyň maketleri we eskizleri görkezildi. Şeýle hem milli Liderimiziň öňdengörüjilikli şähergurluşyk we ekologiýa syýasatyna laýyklykda, ýurdumyzyň aýry-aýry şäherleriniň geljekki binagärlik ösüşini şöhlelendirýän işler uly gyzyklanma döretdi.Serginiň çäklerinde tejribeli binagärler bilen bir hatarda, ýaş binagärleriň arasynda bäsleşik hem geçirildi.

Bäsleşige 300-e golaý iş hödürlendi. Şolaryň arasyndan iň gowulary saýlanyp alyndy.Döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan we ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň berkidilmegine, halkymyzyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilen ykdysady syýasatynda gurluşyk pudagyna uly orun degişlidir.

Ajaýyp ak mermerli binalary, giň şaýollary, owadan seýilgähleri hem-de seýilbaglary, köp sanly täsin suw çüwdürimleri bilen paýtagtymyz hem-de ýurdumyzyň ähli künjegi düýpli özgerýär. Ýurdumyzy ösüşlerden, ösüşlere alyp barýan, täzeçil hem-de häzirki zaman innowasiýalary özünde jemleýän şähergurluşyk maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirýän milli Liderimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutumlary elmydama rowaçlyklara beslensin!

Jennet HOJANAZAROWA,Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.

Ýene degişli makalalar

Hytaýdaky ýer titremede ýogalanlaryň sany 149 adama ýetdi
Hytaýdaky ýer titremede ýogalan adamlaryň sany artdy
Hytaýdaky ýer titremede ýogalan adamlaryň sany artdy
BAF Hytaýy dünýä birikdirýär
90 ýyllyk “La Liga”