Bagtly çagalar-aýdyň geljegimizdir

Bagtly çagalar-aýdyň geljegimizdir

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 1-nji çagalar sungat mekdebi Bagtly çagalar-aýdyň geljegimizdir ady bilen aýdym-sazly çäre geçirdi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwriniň her bir güni toýdyr baýramlara beslenip gelýär.Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Ýaşlar Watanyň daýanjy atly ilkinji eseri hemmeler üçin gymmatly ýol-ýörelge bolup, onuň ýaşlara we olaryň geljekdäki wezipelerine bagyşlanmagy, döwletimizde ýaş nesilleriň beýik geljegini görkezýär.

Hormatly Prezidentimiziň bu ajaýyp kitabynda ýaş nesliň kämil terbiýe we çuňňur bilim almagy, tebigy zehinleriniň açylmagy üçin uly mümkinçilikler döredilýär, zehinli çagalary ýüze çykarýar we olary çeper döredijilige höweslendirýär.

Ýurduň geljegi bagtyýar nesillere baglydyr. Ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan ýaş nesilleriň okuwdan boş wagtlary döredijilik sungat bilen meşgullanyp, öňde goýan maksatlaryny amala aşyrmaga ruhlandyrýar.

Biziň ýaşajyk zehinli okuwçylarymyz hem öz gezeginde Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylymyzda paýtagtymyzda ýerleşýän 41-nji çagalar bagynda öz öwrenen saz eserlerini uly höwes bilen bagtyýar çagalaryň arasynda çykyş etdiler.

Çärä gatnaşanlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşamak, zähmet çekmek uly bagtdyr, beýik buýsançdyr. Halkymyza şeýle eşretli zamanany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

Magtymguly sözlerim saza goşsaň uz bolar
Magtymguly Pyragy şygryýetiň çyragy
Magtymguly Pyragy - türkmen halkynyň milli we edebi mirasynda
Arkadagly Serdarly eziz Watanym, toý-toýlaýar Pyragynyň şanyna
Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy
Belentden ýaňlanan owazlar
Ýaşlyk joşguny