Bagtyýar paromy Türkmenistandan Russiýa üsti ýükli awtoulaglary eltdi

Bagtyýar paromy Türkmenistandan Russiýa üsti ýükli awtoulaglary eltdi

2024-nji ýylyň 10-njy aprelinde Deňiz söwda floty paýdarlar jemgyýetine degişli bolan Bagtyýar Ro-Pax kysymly paromy şu ýylky Türkmenbaşy portundan Olýa portuna ilkinji saparyny üstünlikli amala aşyrdy. Paroma azyk önümleri bilen doldurylan tirkegli 40 sany ýük awtoulagy ýüklenendir diýlip, Türkmendeňizderýaýollary agentliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, bu gatnaw Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm ädimdir. Deňiz söwda floty paýdarlar jemgyýetiniň gämileri çalt zaýalanýan harytlary barmaly ýerine gysga wagtynyň dowamynda eltip bermek mümkinçiligine eýedir. Bagtyýar paromy ýüküň howpsuzlygyny kepillendirýän häzirki zaman howpsuzlyk we nawigasiýa ulgamlary bilen enjamlaşdyrylandyr.

Beýleki ulag görnüşleri bilen deňeşdirilende, parom hyzmaty harytlaryň eltip berme wagtyny azaldyp biler. Harytlary parom bilen daşamak howa gatnawy bilen deňeşdirilende has tygşytly usuldyr diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Awaza milli syýahatçylyk zolagynda çagalar wagtlaryny hoş geçirýärler
Awaza milli syýahatçylyk zolagy tomus paslyny hakykatdan hem ýatdan çykmajak möwsüme öwürýär
Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil Adalatçynyň işi we ýurtda adam hukuklary babatda ýagdaýyň 2025-nji ýylyň jemi boýunça maglumaty
Eýrandan gelýän ulaglaryň uzak saklanmagy bazar nyrhlaryna 'täsir edýär'
GREENGO dükanyna täze harytlar gelip gowuşdy
ABŞ Ýene-de 26 Hytaý Firmasynyň Harytlarynyň Ýurda Getirilmegini Gadagan Etdi