Bagyr ýaşaýyş toplumynda 200 adamlyk Medeniýet öýi abatlanylar

Bagyr ýaşaýyş toplumynda 200 adamlyk Medeniýet öýi abatlanylar

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Bagyr ýaşaýyş toplumynda 200 adamlyk Medeniýet öýüni düýpli abatlamak boýunça bäsleşik yglan etdi. Bu baradaky bildiriş Türkmenistan gazetinde çap edildi.

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary, teklipleri 15-nji dekabra çenli Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýynda ýerleşýän Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.

Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň garamagyndaky 200 orunlyk Bagyr medeniýet öýi Bagyr ýaşaýyş toplumynyň G.Öwezow köçesiniň 2-nji jaýynda ýerleşýär. Bagyr Gadymy Nusaý taryhy ýadygärlikleriniň golaýynda Köpetdagyň eteginde ýerleşýän Türkmen paýtagtynyň ajaýyp künjeklerinden biridir.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda umumy kuwwaty 330 kW bolan iki sany täze elektrik bekedi ulanylmaga berildi
Etrekde we Bagyrda täze elektrik bekedi açyldy
Gurbanlyk gözegçilik astynda geçdi, hiňňildik gadagançylygy ilatda nägilelik döretdi
Dünýä Türkmenleri: Amerikan alymy Türkmenistan ýatlamalary, türkmen dili we 'türkmençilik' barada
Bagyr ýaglanmasynyň öňüni almagyň tebigy ýollary…
TFF-niň kubogy: Merw bilen Altyn asyr ýoluny ýitgisiz dowam edýär