Bahasy üç ýyldan deňleşer

Bilermenler häzirki wagtda has gymmat elektrokarlaryň batareýalarynyň özüne düşýän bahasynyň arzanlamagy bilen, bu ulaglaryň bahasynyň nebit ýangyçly ulaglar bilen deňleşjekdigini belleýärler. “Bloomberg NEF” kompaniýasynyň hünärmenleriniň pikirine görä, elektrokar tehnologiýasy garaşylandan has çalt ösýär we şol sebäpli bu bazara degişli çaklamalaryň takyk bolmagy üçin olary her ýylda täzeläp durmaly bolýar. “Bloomberg NEF”-iň 2017-nji ýylda geçiren barlagynda elektroulaglaryň benzinli motorly ulaglardan arzan bolmagy üçin 2026-njy ýyla çenli garaşmalydygy bellenilýärdi.

Bu çaklama 2018-nji ýylda 2024-nji ýyl diýlipdi.Soňky maglumatda bolsa, 2022-nji ýyldan başlap, elektrokarlaryň has arzan boljakdygy bellenilýär.Bu çaklamalaryň yzygiderli üýtgemeginiň esasy sebäbiniň bolsa, batareýalaryň bahalarynyň arzanlamagy bilen baglydygy aýdylýar.

Elektrokarlaryň batareýalary ilki-ilkiler belli öndürijiler tarapyndan üpjün edilýärdi.Olaryň bahasynyň gymmatdygy sebäpli, ulaglaryň batareýasy aýratynlykda kärendesine berilýärdi.Bu ugurda has köp tagalla edilmegi we bäsdeşligiň artmagy batareýalaryň arzanlamagyna getirdi.

Bu ugurda gazanylýan üstünlikler we uly gabaraly gatnaw serişdeleriniň elektrik energiýasy bilen işleýän görnüşleriniň peýda bolmagy howa goýberilýän kömürturşy gazynyň azalmagyna getirýär.Ilki çykanynda kuwwaty ýangyçly ulaglarça bolup bilmejekdigi aýdylan elektrokarlar häzirki wagtda köp babatda benzinli ulaglardan has öňde.

Gysga wagtda bat alýan ulaglara tehniki idegiň we energiýa üçin edilýän çykdajynyň az bolmagy hem bu ulaglara islegi artdyrýar.BNEF-iň energiýa boýunça hünärmeni Natanýel Ballard 2022-nji ýyldan başlap ulaglaryň elektrik energiýasy bilen işleýän görnüşleriniň ýaýbaňlanyp başlajakdygyny belleýär.

Olaryň ýaýramagyndaky iň uly sebäp bolsa, bahasy bolar. 2015-nji ýylda ABŞ-da ortaça ululykdaky elektrokaryň bahasynyň 57 göterimini batareýasy emele getirýärdi.Häzirki wagtda bu görkeziji 33 göterime çenli peseldi. 2025-nji ýyla çenli batareýa ulagyň bahasynyň bäşden bir bölegini emele getirer. Şeýle hem hünärmenler diňe batareýanyň däl, eýsem, hereketlendirijileriň bahasynyň hem arzanlajakdygyna ünsi çekýärler. Öňümizdäki 10 ýylyň dowamynda motorlar we ulagyň tok bilen bagly abzallary häzirkiden 30 göterim arzanlar.

Batareýalaryň kuwwatynyň artmagy netijesinde, indi ulaglar bir gezekki zarýady bilen has uzaga gidip bilýär. Ýakyn geljekde elektrokarlaryň bir gezekki zarýady bilen gidýän ortaça ýoly 800 km-e ýeter.Zarýad bermek üçin sarp edilýän wagt bolsa, eýýäm 20 minuta çenli azaldy.

Mundan soňky nesle degişli ulaglar 3-5 minutda zarýad alar.

Ýene degişli makalalar

Titanik gämisiniň ýolagçysynyň sagady 1,175 million funt sterlinge satyldy
Apple Hindistanda zawod gurar
Hazarüsti taslamasynyň gün tertibine getirilmeginiň arasynda Berdimuhamedow Brýussele sapar eder
Taýlandda tüwi gymmatlady
Tüwi gymmatlady
Hindistan içerki bahalaryň ýokarlanmagy sebäpli tüwi eksportyny çäklendirýär
Täze guýyny burawlap başlady