Tüwi gymmatlady

Tüwi gymmatlady

Taýlandyň ak tüwüsine birža nyrhlary Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinde soňky üç ýylda iň ýokary derejä çykdy, ýagny bir tonna üçin 572 dollara deň boldy. Bu barada Taýlandyň Tüwi eksport edijileriniň assosiasiýasynyň hünärmenlerine esaslanýan Bloomberg habar berdi diýip, Gazeta.ru ýazýar.

Netijede, soňky iki hepdede nyrhlar 7 göterim gymmatlady. Bilermenler ýagdaýyň Hindistanyň hökümetiniň ýurtdan tüwiniň uzyndäneli basmati görnüşinden özgesini çykarmaga girizen gadaganlygy bilen baglydyny belleýärler.

Habarda Aziýa ýurtlarynyň tüwini, esasan, Hindistandan satyn alýandygy aýdylýar. Hindistandaky gadaganlyk bilen baglylykda, ýerli sortlar hem gymmatlap başlady. Galyberse-de, Taýlandda hasylyň bir bölegini ýok eden güýçli guraklyk hem ýagdaýa täsir etdi.

Bazary seljerijiler ortaça möhletli geljekde tüwiniň bahalarynyň ýene-de gymmatlajakdygyny çaklaýarlar, sebäbi Aziýa we Afrika ýurtlary daşary ýurtlardan tüwi satyn almaga mejbur bolarlar. Bu bolsa, sebitde hümmetsizlenmäni artdyrar hem-de azyk gytlygynyň ýitileşmegine täsir eder diýip, olar aýdýarlar.

Ýene degişli makalalar

Taýlandda tüwi gymmatlady
Türkmenistanly agyr atletikaçy Pariž Olimpiadasyna ýollanma gazandy
Özbegistanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň Aziýanyň kubogy ― 2024 üçin düzümleri belli boldy
Şokolad öndürijiler kakaony az ulanyp başladylar
Bagbanlar dünýä bazarynda çakyryň köpdügi üçin üzümçilik meýdanlaryny ýakýarlar
2023-nji Ýylyň Iň Gelim-Gidimli Şäheri Stambul Boldy