Özbegistanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň Aziýanyň kubogy ― 2024 üçin düzümleri belli boldy

Özbegistanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň Aziýanyň kubogy ― 2024 üçin düzümleri belli boldy

Özbegistanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň milli ýygyndylarynyň Aziýanyň kubogy ― 2024 üçin düzümleri belli boldy. Yklym ýaryşy 12-nji ýanwardan 10-njy fewrala çenli aralykda Katarda geçiriler.

Özbek ýygyndysyna bu gezek hüjümçi Eldor Şomurodow kömek berip bilmez. Kalýariniň hüjümçisi dekabr aýynda aýagyndan şikes alypdy. Onuň ýaryş başlanýança doly sagalmagy üçin wagt ýeterlik bolmady. Milli ýygyndylaryň doly düzümleri bilen AFK-nyň resmi saýtyndan tanşyp bilersiňiz.

Bilermenler çempionlygyň esasy dalaşgärleriniň Ýaponiýanyň, Awstraliýanyň, Eýranyň we ýer eýeleri Kataryň ýygyndylary boljakdygyny aýdýarlar. Yklym ýaryşyna 24 milli ýygyndy gatnaşýar.

Özbegistanly futbolçylar ýaryşyň B toparçasynda Awstraliýanyň, Siriýanyň we Hindistanyň ýygyndylary bilen duşuşarlar. Täjigistan bolsa A toparçasynda Katar, Hytaý we Liwan bilen ýaryşar. Gyrgyzystan bije çekişlikde F toparça düşdi. Bu toparçada Saud Arabystany, Taýland we Oman hem bar.

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy bu gezek yklym ýaryşyna gatnaşyp bilmedi.

Ýene degişli makalalar

Gysga setirlerde: 16-njy fewralda sport habarlary
Ahal AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky ýubileý duşuşygyny geçirdi
AÇL ― 2023/24: Ahaldan ýeňlen topar Ronaldunyň garşydaşy boldy
Arap Ýurtlary Moskwada Guralan Hüjümi Ýazgardy
Aziýanyň kubogy ― 2024-iň resmi pökgüsi tanyşdyryldy
8-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal