Titanik gämisiniň ýolagçysynyň sagady 1,175 million funt sterlinge satyldy

Titanik gämisiniň ýolagçysynyň sagady 1,175 million funt sterlinge satyldy

Titanik gämisiniň iň baý ýolagçysynyň jübi sagady auksionda rekord baha 1,175 million funt sterlinge satyldy. Bu barada Bloomberg neşirine salgylanýan Ren.tv habar berdi.

Sagady ABŞ-dan bolan şahsy toplaýjy satyn aldy.

Jübi sagady rowaýaty gäminiň iň baý ýolagçysy 47 ýaşly telekeçi Jon Jeýkob Astora degişli eken. Ol gämi gark bolup başlanda, aýaly Madleni halas ediş gaýygynda ugradyp, özi-de gämi bilen bile gark bolupdyr.

Ýene degişli makalalar

Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň konserti
Bogema rapsodiýasy: nusgawy rok sazlarynyň özboluşly beýany
Tanymal pianinoçy Amangül Gylyçmyradowa Aşgabatda çykyş etdi
Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky orkestriň ilkinji konserti şowly geçdi
Aşgabatly saz muşdaklary ýaşajyk skripkaçy gyz Selin Samsaryň ussatlygyna mynasyp baha berdiler
Messiniň 600-nji goly