Milli konserwatoriýada baýramçylyk konsertleri boldy

Maýa Kulyýwa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň zenanlaryna mugallymlarydyr talyp gyzlaryna baharyň ilkinji on günlüginde saz desseleri peşgeş berildi. Ýaş mugallymlaryň dörtlügi Bahram Dolyýew (birinji skripka), Ýusup Gandymow (wiolençel), Faruh Myradow (ikinji skripka) we Tahyr Ataýew (alt) Zenan müşki kinofilminden Astor Pýassolanyň tangosyny özboluly ýerine ýetirdiler.

Sahnada ilki wiolençel bilen birinji skripka peýda bolup, sazy bilen diňleýjileriň ünsüni özüne çekdi.Soňra ikinji, ondan soň alt geldi.Kirişli saz gurallarynyň dörtlüginiň ýerine ýetirmeginde sazyň kulminasiýasy näzik çekinjeňlikden we ýumşak gussadan tä duýgylaryny açyk beýan edilişi ýaly dürli duýgylary hyjuwly hem joşgunly saz frazalarynda berdi, melodiki çeper kontrastlar bolsa meşhur kinofilmiň gahrymanlarynyň duýgylarynyň çuňňurlygyny nygtaýardy.

Kamera ansambly kafedrasy Georg Fridrih Gendeliň, Wolfgang Amadeý Mosartyň, Antonio Wiwaldiniň we Kamil Sen-Sansyň eserlerini çalyp, güneş nurly durýgylary peşgeş etdi.Antonio Wiwaldiniň bahar özgerişlerini beýan edýän kwarteti hasam täsirlidi.

Iki fleýta tebigatyň janlanşyny, guşlaryň saýraýşyny, fagotyň ýogyndan mahmal sesi bolsa, gür ýapraklaryň ygşyldysyny ýada salýardy.Natella Bagirowanyň çeper fortepiano öwrümleri dürli röwüşi saz şekilleriniň çeper gaýmasy bolup ýaňlandy.

Umumy fortepiano kafedrasy baýramçylyk konsertinde belli nusgawy eserleri ýerine ýetirip, kärdeşlerine ajaýyp sowgat etdi.Karen Haçaturýanyň Çipolino baletinden Kowgy atly intonasiýalara baý we joşgunly bölegi has-da täsirli boldy.

Kompozisiýa fakultetiniň talyby Döwran Şammyýew Ýewgeniý Kobylýanskiniň Ene gözleri aýdymyny hoş owazly aýdyp, bu ýere gelen zenanlara ýürek töründen çykýan mähirli duýgylardyr hoşniýet arzuwlaryny sowgat etdi...

Ýene degişli makalalar

Kamerata Aşgabat toparynyň konserti geçirildi
Kamerata Aşgabat toparynyň konserti geçirildi
Aşgabatly saz muşdaklary ýaşajyk skripkaçy gyz Selin Samsaryň ussatlygyna mynasyp baha berdiler
'Jazz töwerekleri' - aşgabatly saz muşdaklary üçin saz gezelenji guraldy
"Kamerata Aşgabat" toparynyň ilkinji konserti geçirildi
Kamerata Aşgabat döredijilik toparynyň konserti geçiriler