Bakydyr dünýäde Ýeňiş baýramy

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Bibliografiýa bölümi Beýik Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli “Bakydyr dünýäde Ýeňiş baýramy” ady bilen çäre geçirdi. Çykyş eden kitaphana hünärmenleri ata Watanymyzyň asudalygy, parahatçylygy ugrunda göreşen gerçeklerimiziň, mert ýigitlerimiziň edermenligi, yzynda ojagynyň oduny öçürmän garaşan käbelerimiz barada täsirli çykyş etdiler.

Bu çäre türkmen halkynyň taryhyny hem-de geçmişimizi çuňňur öwrenmeklikde, esasan hem ýaş nesillerimiziň ylym-bilim hem-de aň-düşünjesini ösdürmekde watansöýüji ýaşlar bolup ýetişmeklerinde uly ýardam berýär. Ýeňiş güni mynasybetli geçirilen çärä gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

Watan gahrymanlarynyň hormatyna dabaralar
ÝEŇIŞ GÜNÜNE BAGYŞLANAN DABARALAR
GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ HALKYNA
Watan gahrymanlary-mertlik mekdebi
Eziz mähribanlar ýürekden gitmez, Watan merdanlaryň baky unutmaz
Hakyda ýazylan ýatlamalar atly sergi