Balkan welaýatynda benzin gytçylygy döredi

Balkan welaýatynda benzin gytçylygy döredi

Türkmenistanda awtoulag ýangyjynyň gytçylygy ýene güýçlendi. Türkmenistanyň nebiti gaýtadan işleýän iri kärganalaryň ýerleşýän regionynda Balkan welaýatynda dörän bu ýagdaý barada Azatlygyň ýerli habarçylary 1-nji sentýabrda habar berdiler.

Şü günler Türkmenbaşyda, Balkanabatda we Gyzylarbatda benzin beketlerinde awtoulag ýangyjy tas ýok diýen ýaly. Munuň bilen bir wagtda benzin guýýan stansiýalarynda ýüzläp awtoulaglar nobatlary emele geldi.

Balkan welaýatyndaky habarçymyz soňky aýda ýüze çykan benzin gytçylygynyň bir hepde bäri hasam güýçlenendigini, soňky iki gün bäri beketlerde ýangyjyň satylmaýanygyny aýdýar. Onuň sözlerine görä, sürüjiler öz ulaglary üçin ýangyjyň ugrunda benzin beketlerine aýlanýandygyny we alaçsyz nobata durup, benziniň satylmagyna garaşmaly bolýandygyny aýdýar.

Bu ýagdaý şäherlerdäki ulag gatnawyna, şol sanda jemgyýetiçlik transportynyň işine ýaramaz täsir ýetirýär. Habarçymyz şeýle gürüň berýär: "Türkmenbaşy şäherinde ne taksi, ne-de awtobus tapyp bolýar. Ýerli ulagly adamlar 'uly benzin öndürýän zawodunyň bar şäherinde benzin tapdyrmaýar, bu akyla sygjak bir zat däl' diýip zeýrenýärler".

Türkmenbaşyda nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy ýerleşýär. Zawodyň websaýtynda onuň nebiti gaýtadan işlemekde dünýäniň öňdebaryjy kärhanalarynyň biridigi hem onuň öndürýän nebit we nebithimiýa önümleriniň hilliniň ýokarydygy aýdylýar we Ýewropa, Aziýa, Ýakyn Gündogar döwletlerine eksport edilýändigi bellenýär.

Ýurduň içerki bazarynda dörän häzirki benzin gytçylygynyň sebäplerini bu kärhanadan we Balkan welabatyndaky häkimiýetlerden resmi görnüşde anyklamak Azatlyk Radiosyna başartmady.

Emma habarçymyz bilen anonim gürleşen, ýagdaýdan habarly çeşmeler soňky wagtda nebiti gaýtadan işleýän zawodda "A-92" we "A-95" markaly benziniň önümçiliginiň peselendigini aýtdy.

"Benzine goşulmaly maddalaryň ýok bolmagy sebäpli zawod öz güýjünde işlemeýär. Zawodlaryň öndürýän benzini ujypsyz. Şol goşundy elementiň tapylmazlygy şu wagytda Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň işine hem ýaramaz täsirini ýetirýär. Şol sebäpli benzin zawodlary doly güýjünde işlemeýär. " diýip, adygynyň agzalmazlygyny soran çeşme aýtdy.

Şeýle-de, çeşme dizeliň hem gytalandygyny we bu ýangyjy şu wagtky pagta ýygym we bugdaý ekişlik möwsüminde oba hojalyk pudagyna bermegiň tabşyrylandygyny mälim etdi.

Şu wagt gytçylyk "A-80" markaly benzine hem degişli. "Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar topumyndaky "A-80" benzini öndürýän blokda uly abatlaýyş işleri alnyp barylýar, şol sebäpli bu marka tutuş Türkmenistanda ýok" diýip, çeşme aýdýar.

"A-80" markaly benziniň gytçylygy ýurtda birnäçe aý bäri saklanýar.

Iýulda Lebap welaýatynyň ýangyç guýýan beketlerinde A-80 kysymly awtoulag benzininiň satuwy bes edilipdi. Azatlyk Radiosynyň gündogar sebitdäki habarçysy benziniň bu markasyndan başga-da, "ECO-93" kysymly awtobenziniň hem bir ýyldan gowrak wagt bäri tapdyrmaýandygyny aýdypdy.

Soňky döwürde nebit önümleriniň eksportuny artdyrýan Türkmenistan ýygy-ýygydan ýüze çykýan benzin we dizel gytçylygyny hem-de onuň sebäplerini resmi derejede agzamaýar.

Tomsuň başynda hökümet şu ýylyň başyndan bäri “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan benzin öndürmek planyň artykmajy bilen, ýagny 111,9%, dizeliň hem 107,5% ýerine ýetirilendigi yglan etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Balkanly býujet işgärlerinden ýeralma tohumy üçin pul ýygnalýar
Balkanda biometriki pasport nobatlary 2025-nji ýyla çenli uzady
A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatry Balkan welaýatyna döredijilik saparyny gurar
Lebapda A-80 kysymly benzin tapdyrmaýar
Aşgabatly komissiýa Balkanly lukmanlaryň görkünde kemçilik gördi, lukmanlar täze geýim almaga mejbur edilýär
Balkan welaýatynda awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş merkezleriniň ikisi açyldy