Balkan welaýatynda bir ýyl gijikme bilen hassahana açylar, şeýlede Ahalteke atynyň güni bellener

Balkan welaýatynda bir ýyl gijikme bilen hassahana açylar, şeýlede Ahalteke atynyň güni bellener

11-nji aprelde prezident Serdar Berdimuhamedow sebitiň ýolbaşçylary bilen iş mejlisini geçirdi diýip TDH döwlet täzelikler gullugy maglumat berýär.

Ahal welaýatynyň häkimi Ýazmuhammet Gurbanow azyk üpjünçiliginiň pugtalandyrylyşy, gallanyň hem pagtanyň suwarylyşyna gözegçilik,jaýlaryň,ýollaryň gurluşygy,suw geçýän we lagym ulgamlary, Türkmen Ahalteke atynyň gününe (ol apreliň ahyrky ýekşenbesinde, şu ýyl 24-nji aprelde geçirilýär) taýýarlyklar barada hasabat berdi.

Prezident galla ekilen meýdanlaryň suwarylyşyny we mineral dökünleriň berilişini güýçlendirmegi tabşyrdy.

Soňra şeýle işler barada beýleki sebitleriň ýolbaşçylary we agro-senagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer Esenmyrat Orazgeldiýew dagy hasabat berdiler.

Balkan welaýatynyň häkimi Täňryguly Atahallyýew Türkmenbaşyda (öňki Krasnowoskide) 400 orunlyk köpugurly hassahannyň açylyşyna we Ahalteke atynyň gününi bellemäge görülýän taýýarlyklar barada habar berdi.

Balkanda 400 orunlyk köpugurly hassahanany we 100 orunlyk ýokanç keseller keselhanany açmak baradaky taslamalar öňki prezidente 2019-njy ýylyň martynda hödürlenipdi.

Hut şonda olaryň gurluşyklaryna mart aýynda başlamak we 2021-nji ýylyň iýulynda tabşyrmaga taýýarlanmak buýrulypdy. Emma, olar wagtynda açylmady.

Geçen ýylyň 10-njy noýabrynda 100 orunlyk hassahanany öňki premýer-ministriň orunbasary, kiçi Berdimuhamedow açypdy.The post Balkan welaýatynda bir ýyl gijikme bilen hassahana açylar, şeýlede Ahalteke atynyň güni bellener first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň welaýat häkimleri pagta, däne we beýleki gök önümler üçin bölünen ýerleri yglan etdiler
Türkmenistanyň häkimleri oba hojalyk işleri barada ekin meýdanlaryndan göni wideýo şekilli aragatnaşyk boýunça hasabat berdiler
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
08.11.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
'Erksiz' emeldarlaryň täzelenmegi uzaga çeken oba meselesini çözermi?
Türkmenistanyň Prezidenti welaýat häkimlerine ýubileý medallaryny gowşurdy