Balkanabatda, Türkmenbaşyda ýazgyda durmadyk sürüjiler işden kowulýar

Balkanabatda, Türkmenbaşyda ýazgyda durmadyk sürüjiler işden kowulýar

Türkmenbaşydaky we Balkanabatdaky awtobus we taksi kärhanalary sebitde ýazgyda durmadyk sürüjilerini, ýagny beýleki sebitlerden gelip işleýän içerki migrantlary işden boşatdy diýip, Azatlygyň habarçysy habar berýär. Bu ýagdaý köçelerdäki taksi hyzmatynyň haýallamagyna, jaý kireýleriniň bahasynyň birden aşak gaçmagyna sebäp boldy.

Azatlygyň habarçysy işini ýitiren içerki migrantlaryň birnäçesi bilen ikiçäk söhbetdeş boldy.Olaryň beren maglumatyna görä, Türkmenbaşynyň şäher taksi parkynda 180 sany taksi ulagy bolup, olaryň 40 sanysy hem gije, hem gündiz ulanylýar, 140 sanysy bolsa diňe gündizlerine işe çykýar.

Bu ulaglar jemi 220 adamy sürüjilik işi bilen üpjün edýärdi, ýöne geçen hepde, welaýat transport bölümi bilen ýerli polisiýa edarasynyň gelen kararyna laýyklykda, Balkanda ýazgyda duran sürüjilerden beýleki sürüjiler işden boşadylmaly edildi.

Daşoguzdan gelip, Türkmenbaşynyň şäher taksi parkynda 7 ýyl işlän Hemra hem işini ýitirenleriň biri boldy.

Onuň sözlerine görä, bu parkda taksi sürýän 220 adamyň 160 sanysy içerki zähmet migranty bolup, olar hemişelik we möwsümleýin ýagdaýda, “Awazada” we beýleki ýerlerde işleýän, dürli welaýatlardan gelen adamlardy.

“Ýazga durmadyk sürüjileriň işden boşadylmagy netijesinde Türkmenbaşy taksi parky boşap galdy” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.

Türkmenistanda iş orunlary bilen bagly parahorlugyň adaty ýagdaýa öwrülmegi bilen, işden çykarylan sürüjileriň ýerine täze işgärleriň alynmagy belli bir wagt alar we şu aralykda ýolda taksi hyzmatyndan peýdalanýan adamlar, hususan-da garrylar we çagaly aýallar kän kösener diýip, ýerli synçy aýtdy.

Aýdylmagyna görä, taksi parkyna işe girjek ýerli sürüjiler, taksi ulagynyň ýylyna we guratlygyna laýyklykda, 15 müň manatdan 40 müň manada çenli aralykda para bermeli bolýarlar.

Ulaglaryň köpüsiniň köneligi we soralýan paranyň möçberi sürüjilik işine isleg bildirýän balkanlylaryň badyny gaçyrýar’ diýip, habarçymyz bilen gürleşen ýerli hünärmen aýtdy.

“Taksi sürmäge höwes edýän köp diýip bolmaz, sebäbi aýlyk az, 1800 manat aýlyk bilen, günde 220 manat plany zordan tapyp bolýar. Gündelik planyny dolmadyk sürüjiniň aýlygyndan tutulýar. Sebitlerden iş tapman gelen we gaty kösenýän adamlar işlemese, peýdasyz zähmet üçin para berip, çykdajy etjek adam ýok” diýip, adynyň aýdylmazlygy şertinde gürleşen hünärmen aýtdy.

Iş orunlary üçin soralýan paranyň ýyl-ýyldan köpelmegi, häkimiýetleriň bu meselä düýpden baş galdyrmazlygy adamlaryň barha kän daşary ýurtlara gitmegine sebäp bolýar diýip, synçylar aýdýar.

“Taksi sürmek üçi n 40 müň manat para berenlerinden, balkanlylar ol puly Slowakiýa, Polşa, Germanýa, Kanada ýaly ýurtlara iş wizasyny almak ün çykdajy edenlerini gowy görýärler. Balkanlylar soňky döwürde günbatar ýurtlarynda azyndan 2 müň dollar möçberinde aýlyk berjekdigini aýdýan firmalar bilen gürleşip, çakylyk hatlaryny aldyrýarlar” diýip, ýagdaýy gowy bilýän ýerli çeşme aýtdy.

Içerki migrantlaryň köpçülikleýin işden çykarylmagy diňe bir köçelerdäki taksi hyzmatynyň haýallamagyna däl, jaý kireýleriniň hem birden aşak gaçmagyna sebäp boldy.

Aýdylmagyna görä, içerki migrantlar diňe taksi parklarynda däl, beýleki edara, kärhanalardan hem işden kowulýar.

Türkmenbaşyda we Balkanabatda, içerki migrantlaryň köp edara-kärhanada işlerinden boşadylmagy netijesinde, kireýin berilýän jaýlaryň bahalary bir hepde içinde birden arzanlap, geçen aýda bir aý üçin 4-5 müň manat soralan jaýlaryň bahasy 2500, 3000 manada çenli aşak düşdi diýip, habarçy aýtdy.

Şeýle-de, sebitdäki nebit, himiýa, deňiz porty ýaly, uly işçi güýjüne eýe bolan pudaklarda hem, işleriň peselmegi netijesinde, soňky bir ýylda Balkandaky iş orunlaryny ýitirýän içerki migrantlaryň sanynyň köpelendigi, olaryň bu welaýaty terk etmegini dowam etdirýändigi aýdylýar.

Ýöne ýurt maglumat üçin ýapyk bolansoň, sebitlerdäki propiska’, ýazgy barlaglary, şeýle-de işleriň haýallamagy netijesinde işlerini ýitiren adamlaryň sanyny anyklamak mümkin bolup görünmeýär.

Ýöne bir gowy täzelik hem bar. Golaýda Azatlyk Lebap welaýatynda we beýleki sebitlerde döwlet tarapyndan satyn alnan awtobuslaryň ulanmaga berilmän, ençeme aýlap saklanýandygyny habar berdi we soňra ol ulaglaryň, prezident Lebap welaýatyna sement zawodyny açmaga baranda ulanmaga berlendigi mälim boldy.

Şu aralykda, “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiriniň ýazmagyna görä, Lebapda täze awtobus berlen sürüjilerden ilkinji gezek para soralmandyr’.

Bu habary Azatlygyň Lebapdaky habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşen ýerli sürüji hem tassyk etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Balkan: PÝGG goýy reňkli awtoulaglary 'awlaýar', zenan sürüjilere basyşy güýçlendirýär
Ýolagçylaryň taksilerde unudýan geň zatlary sanaldy
Dünýä Türkmenleri: Amerikan alymy Türkmenistan ýatlamalary, türkmen dili we 'türkmençilik' barada
Diňle: Türkmen aktiwisti Stambulyň Taksim meýdanyna çykyp, türkmen hökümetine protest bildirdi
Türkmen aktiwisti Stambulyň Taksim meýdanyna çykyp, türkmen hökümetine protest bildirdi
Dynç alyş möwsüminiň başlanmagynyň yz ýany, Tükmenbaşyda taksi tölegleri üç esse gymmatlady