Balkanda gök önümler gymmatlaýar, ýerli daýhanlar önüm ýetişdirmekde kynçylyk çekýär

Balkanda gök önümler gymmatlaýar, ýerli daýhanlar önüm ýetişdirmekde kynçylyk çekýär

Balkan welaýatynda ýylyň iň bol hasylly möwsüminde gök önümler gymmatlaýar. Azatlygyň ýerli çeşmeleriniň aýtmagyna görä, bahalar ilat köpçüliginiň alyjylyk ukybyndan ýokary bolup, köp hojalyklar adatça tomusda gyş üçin taýýarlaýan gök önüm we miwe konserwalaryny edip bilmeýärler.

"Şu günler gök-bakja sezonynda, banka ýapmak möwsüminde bahalaryň ýokary bolmagy maşgalalary alada goýýar" diýip, balkanly çeşme 26-nji iýulda gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, işsizligiň we azygyň yzygiderli gymmatlamagynyň arasynda köp maşgalanyň maddy ýagdaýy gowşaýar, ýaşaýjylar üçin azyk üpjünçiligi uly mesele bolýar. Tomus aýlaryň gök-bakja, miwe önümleriniň bolçulygynda bahalaryň arzanlamagyna garaşan ýaşaýjylaryň tamasy başa barman, gyş üçin azyk taýýarlamak planlaryna hem täsir edipdir.

"Sezon geçip barýar, henizem gyş üçin ýekeje banka ýapmaga pul artdyryp bilmedik, ne tomat, ne duzlanan hyýar, ne-de beýleki salatlar. Bu bahalar häzirki ykdysady şertlerde aşa gymmat bolýar" balkanly ýaşaýjylaryň ýene biri gürrüň berdi.

Balkan welaýatynyň bazarlaryndaky bahalara görä, pomidoryň 1 kilogramy 7 manatdan, hyýaryň 1 kilogramy 10 manatdan başlanýar, badam, käşir, bolgar burç 15 manat töwereginde bahalanýar diýip Azatlygyň ýerli habarçysy aýdýar. Resmi kurs boýunça gök-önümleriň bir kilogramynyň bahalary 2 we 4,5 amerikan dollary aralygynda. Ýurtda ortaça aýlyk 2000 manada golaý.

"Kiçi hojalyk gyş üçin ortaça 50 sany banka ýapsa, müňläp manat gerek bolýar. Bu pula gyşda ýyladyşhanalarda ýetişdirilen ter pomidor, hyýar satyn alanyň has gowy bolaýmasa" diýip, balkanly ýaşaýjy aýdýar.

Balkanly telekeçiler bahalaryň ýokary bolmagyny gök önümleriň esasan Daşoguz we Lebap welaýatlaryndan getirilýändigi bilen düşündirýärler. Önümleriň nyrhyna ýol çykdajylary hem goşulýar.

"Beýleki welaýatlardan getirilýän gök-bakja önümleriniň bahasy günbatar welaýata ýetip gelende telim esse gymmatlaýar, hamana daşary döwletlerden getirilýän ýaly" diýip, telekeçi aýdýar.

Ýerli daýhanlar bolsa, gök önüm ýetişdirmegiň kynçylyklary barada gürrüň berýärler.

"Balkanyň sanlyja etrabynda ýetişdirilýän gök-bakja öz etrap halkyna-da ýetmeýär. Uly ilatly Balkanabat, Türkmenbaşy, Hazar, Garabogaz ýaly köp ilatly ýaşaýyş nokatlarda ekin ekip ýetişdirmek mümkin däl, sebäbi zerur toprak we suw şertleri ýok", diýip kärendeçi gürrüň berdi.

Balkan welaýatynda oba hojalygyna niýetlenen etraplaryň arasynda gök önümleri Magtymguly we Gyzylarbat etraplarynda köp ýetişdirilýär.

Bakja hasyly ogurlanýarÝerli kärendeçiler gawun, garpyz, pomidor hyýar we beýleki gök-bakja önümlerini ýetişdirýärler. Emma olaryň sözlerine görä, soňky wagtda önüm ogurlygy köpelipdir.

"Oba adamlary tarapyndan ýetişdirilýän hasyllary ogurlanýar. Tutly daýhan birleşigiň çäginde 5 gekdar gök-bakja ýetişdirilen ýerde her gün ogurlyk ýüze çykýar. Pomidor, badam, bulgar burçlary ogurlaýarlar" diýip, ýerli ýaşaýjy gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, käwagt ogrular ele salynýar.

"Biziň azabymyz we çykdajymyz, uly ýöne ogurlyga gelen adamlary ele salanymyzda olar özleriniň açdygyny aýdyp bizden ýardam soraýarlar. Bor diýip, ellerini boş goýman gawun-garpyz, pomidor beýleki önümlerden gaplaryny dolduryp berýäris, ýöne ogurlyk kemelmeýär. Bildirmän hem köp ogurlaýarlar" diýip, balkanly daýhan aýtdy.

Şu aýda Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan balkanly daýhanlar welaýatyň köp ekin meýdanynyň pagtaçylyk üçin ulanylýandygyny belläp, oňa derek ekin meýdanlarynda gök-bakja önümlerini ýetişdirmegiň has netijeli boljagyny we oňa zerurlygyň bardygyny aýdypdy.

Munda öň habarçylar döwlet plany boýunça ekilýän galla hasylyny ýygnap, tabşyran kärendeçileriň boşan meýdanlarynda gök önüm ýetişdirmegine rugsat berilmeýändigini we olaryň häkimiýetler tarapyndan yzarlanýandygyny habar beripdi.

Bu aralykda Maryda pomidor arzanladylan bahadan satylýar. Mary welaýatyndaky habarçymyzyň maglumatyna görä, sebitiň bazarlarynda soňky günler pomidor köpelipdir, anonimlik şertinde gürleşen daýhanlar hasyl ýetişdiren adamlaryň "ekiniň ýere siňip galmagyndan alada galýandyklaryny" we "bolanjasyny basymrak, geçen ýerinden satyp dynmaga çalyşýandyklaryny’ aýtdylar.

Türkmenistanyň bazarlarynda satylýan gök önümleriniň uly bölegini Eýrandan getirilen harytlar düzýär. Soňky aýlarda türkmen-eýran serhediniň ýapylmagy ýa-da ýük ulaglarynyň geçmeginde bökdençligiň döremegi Türkmenistanyň bazarlarynda bahalara täsir edýär we käbir azyk önümleriň satuwda gytalmagyna ýa-da gymmatlamagyna getirdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Ekinini sowuk uran daýhanlara zyýanyň 'Alladan gelendigi' aýdyldy
“Gyşa taýýarlyklar: Türk aşhanalarynda dowam edýän däp”
Belarusda uly bakja festiwaly geçirildi
Gabarçygy aýyrmak üçin tebigy çözgütler
Hindistanda Pomidor Dümewine Gabat Gelindi
Türkmenistan ýyladyşhanalarda ýetişdirilen pomidorlaryň 75 müň tonnasyny eksport etdi