Belarusda uly bakja festiwaly geçirildi

Belarusda uly bakja festiwaly geçirildi

Belarusuň Iwýe şäherinde däbe öwrülen De-Tomateýro baýramçylygy geçirildi. Onuň iň täsirli bölegi bakja söweşidir diýip, MIR 24 ýazýar.

Pomidor zyňyşmak baýramçylygyň iň hezil ýeridir. Meýdanda 200 kilogram pomidor birek-birege atyldy, düzgün ýönekeý— boýna we kellä zyňmaly däl. Tutluşyga gatnaşyjylar köp wagtlap taýýarlyk gördüler. Hatda ýörite eşik tikinenlerem boldy.

Niräňe garasaň, pomidor münder-münder bolup ýatyr. Ýerli tagamlary näçe isleseň dadyp görübermeli. Baýramdan aç gitjek gümanyň ýok. Pomidordan taýýarlanan tagamlaryň hetdi bar, hasaby ýok. Ýerli öý hojalykçy zenanlar yhlas edibilipdirler.

Baýramçylykda daýhanlar pomidoryň seýrek sortlary bilen-de magtandylar, mysal üçin, tomat-hurma ýa-da pomidor-gaplaň. Festiwalyň baş rekordy bolsa uzynlygy tas 8 metrlik buterbrod. Özem ony her ýyl ulaldýarlar.

Baýramçylyk däp boýunça kenarýaka Iwýede geçdi, şäheri Belarusuň resmi däl pomidor paýtagty diýip hasaplaýarlar. Bu gezek festiwal altynjy gezek geçdi, ol hasyl ýygymy möwsüminiň tamamlanmagyna gabatlandy.

Ýene degişli makalalar

'Görülmedik' çekirtgeler ekini ýok edýär, häkimiýetlerden 'kömek ýok' - Daýhanlar
Balkanda gök önümler gymmatlaýar, ýerli daýhanlar önüm ýetişdirmekde kynçylyk çekýär
Gabarçygy aýyrmak üçin tebigy çözgütler
Hindistanda Pomidor Dümewine Gabat Gelindi
Türkmenistan ýyladyşhanalarda ýetişdirilen pomidorlaryň 75 müň tonnasyny eksport etdi
Pomidordan bioplastik önüm