Balykesir Manýas Kelle Peýniri

Balykesir Manýas Kelle Peýniri

Türkiyäniň Marmara sebitinde ýerleşýän we guşlaryň ýüzlerçe görnüşine ýer eýeçiligini edýän köli bilen tebigaty söýýänleriň gelim-gidimli nokady bolan Manýas etraby, sebit aýratynlyklaryny özünde jemleýän Manýas Kelle Peýniri bilen tanalýar.

Manýas etrap häkimliginiň ýüz tutmagy netijesinde 2020-nji ýylda Türkiyäniň Geografiki taýdan hasaba alynan önümleriň arasyna goşulan Manýas Kelle Peýniri, 2-3 mm galyňlygynda gaty gabykly, sary reňkden başlap açyk sary we ak reňke çenli bolup bilýän, süýümsiz, öýjükli görnüşde, tagamy bolsa duzly we özboluşly ysy bolan peýniriň bir görnüşidir.

Peýniriň önümçilik geçmisi 250 ýyl ozal sebite ýerleşen asly albaniýaly bosgunlardan gözbaş alýar. Manýas Kelle Peýniri, Balykesir sebitinde ýetişdirilýän goýunlaryň we sygyrlaryň süýtleriniň garyşdyrylmagy bilen öndürilýär.

Önümçiligi üçin bolsa süzülen süýt, gazanlara guýulýar we ol ýerde zyýanly organizmleriň uzaklaşdyrylmagy üpjün edilýär.Süýt ondan soň fermentasiýa temperaturasyna çenli sowadylýar.Fermentasiýa işlerinde lagta emele getirilýär. Şol işde şirden maýa hökmünde bilinýän peynir maýasy ulanylýar.

Alynan lagta tüwi dänesi ululygyna gelende kesilýär we ondan soň gaýnadyş işleri geçirilýär.Gaýnadyş işinden soň, peýniriň bölekleri peýniriň aşagyndaky suwdan aýrylýar, peýniriň gaplaryna geçirilip, basyş işleri geçirilýär we şeýlelik bilen blok görnüşdäki Manýas Kelle Peýniri öndürilýär.

Kiçi böleklere bölünip, 21 gün garaşdyrylýan peýnir, ondan soň özboluşly aýratynlyga eýe bolmagy üçin 120 gün duzlanyp goýulýar we sarp etmek üçin taýar ýagdaýa getirilýär.

Ýene degişli makalalar

Höşmerim datlysy
Türkmenistanly gyzy öldürmekde aýyplanýan türk raýatyna 20 ýyl kesildi
Türkmen-türk uniwersitetiniň ozalky mugallymy 'gülençilikde' aýyplanyp tutuldy
Türk kazyýeti Türkmenistandan “gülençi ýolbaşçylary” bermegini soraýar
Türkiýeden Türkmenistana dürli agaç nahallary ugradyldy
Türkiýede ten satmakda we oňa araçylyk etmekde güman edilýän türkmenistanly iki aýal tussag edildi