Balyň saglyga peýdasy

Kanadanyň Toronto uniwersitetiniň hünärmenleri her gün iki nahar çemçesi bal iýmegiň ganyň düzümindäki şekeri kadalaşdyrýandygyny we holesterin derejesini gowulandyrýandygyny ýüze çykardylar. 1100-den gowrak meýletinçiniň gatnaşmagynda geçirilen 18 synagyň netijesinde, bir ösümlikden alnan gaýtadan işlenmedik balyň has täsirlidigi anyklandy. Şeýle hem bu datly iýmitiň çişmä garşy peýdalydygy bellenildi.

Sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýän meýletinçilere 8 hepdeläp her gün 40 gram bal berildi.Ak gülli robiniýa agajyndan alnan balyň has täsirlidigi bellenildi. Şeýle hem geçirilen barlaglarda bal 65 derejeden ýokary temperaturada gyzdyrylanda, saglyga peýdaly häsiýetleriniň köpüsini ýitirýändigi belli boldy.

Amanmyrat GOÇMYRADOW,

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň patologik anatomiýa kafedrasynyň assistenti, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.

Ýene degişli makalalar

Dünýäde täze ýyl garşy alyndy
Türkmen janköýerleri Dünýä çempionatyna sabyrsyzlyk bilen garaşýar, özbek futbolçylarynyň gatnaşmagyna begenýär
Kanadanyň Premýer-ministri: Türkiýe NATO-nyň esasy ýaranlaryndan biri
Dünýäniň iň gowy ýokary okuw mekdepleriniň täze sanawy
Kanadada ýaragly hüjüm guraldy
ABŞ-da ýaramaz howa şertleri dowam edýär