Dünýäniň iň gowy ýokary okuw mekdepleriniň täze sanawy

Angliýanyň ýokary okuw mekdepleri barada maglumatlar berýän Times Higher Education (THE) žurnaly 2023-nji ýyla degişli täze sanawy mälim etdi.Sanawyň başynda Angliýanyň Oksford uniwersiteti bar.

Umumy sanawda amerikan uniwersitetleri agdyklyk edýär.Hytaý ýokary okuw mekdepleriniň hem sany artýar.Ilkinji onlukda tutuşlygyna iňlis dilli esasy iki ýurduň ABŞ-nyň we Angliýanyň uniwersitetleri bar.

Olaryň 7-si amerikan, 3-si iňlis ýokary okuw mekdepleridir.2018-2023-nji ýyllar aralygynda ilkinji ýüzlükde amerikan uniwersitetleriniň sany 34-den 43-e çykypdyr.Bäş ýyllyk bu döwürde hytaý uniwersitetleriniň sany ikiden ýedä ýetipdir.Iňlis we amerikan uniwersitetlerinden soňra iň ýokary derejä eýe bolan uniwersitetler Şweýsariýada bar. 15-nji ýeri bu ýurduň ETH Sýurih uniwersiteti eýeledi.

Hytaýyň Pekin uniwersiteti 16-njy, Kanadanyň Toronto uniwersiteti 18-nji ýeri eýeledi.Bulardan başga ilkinji ýüzlüge Singapur, Germaniýa, Awstraliýa, Ýaponiýa, Şwesiýa, Fransiýa, Belgiýa, Niderlandlar, Günorta Koreýa we Daniýa döwletleriniň ýokary okuw mekdepleri giripdir.Sanaw taýýarlananda 15,5 million neşirden, 121 million salgylanmadan, 40 müň adamyň gatnaşýan pikirsoraşmasyndan hem-de halkara reýting ýaly ölçeglerden peýdalanylýar.

Ýene degişli makalalar

HUMANITARIAN COOPERATION IS ONE OF THE MOST IMPORTANT COMPONENTS OF THE POLICY OF NEUTRALITY OF TURKMENISTAN
A PLENARY SESSION "THE ROLE OF NEUTRALITY IN STRENGTHENING PEACE AND SECURITY" WAS HELD AT IIR MFA OF TURKMENISTAN
“Arsenala” ne döw çaldy?!
“Toyota Land Cruiser” iň ygtybarly awtoulaglaryň sanawynda birinjiligi eýeledi
Öňdebaryjy okuw mekdepleriniň sanawy düzüldi
63-nji Gremmi baýraklary gowşuryldy, Beýonse, Swift, Billie Eilish öňe saýlandy