Bananlar howply kesel sebäpli dünýäde doly ýitip-ýok bolup biler

Bananlar howply kesel sebäpli dünýäde doly ýitip-ýok bolup biler

Die Welt neşiriniň pikiriçe, bananlara häzir giňden ýaýran ýokançlyk bolan toprak kömelekleriniň ýaýramagy sebäpli ýitip-ýok bolmak howpy abanýar. Bu kömelekleri hatda himiki maddalar bilen hem ýok etmek kyn diýip, msn.com habar berýär.

Tropical Race 4 (TR4) kömelek keseli ilkinji gezek 2019-njy ýylda dünýäni banan bilen esasy üpjün ediji sebitde - Günorta Amerikada ýüze çykaryldy.Toprak kömelegi şeýle bir çalt ýaýrady welin, Kolumbiýada we Gondurasda köp plantasiýalar ýok edilmeli boldy. Ýokançlygyň köwşüň aşagyna ýelmeşmek arkaly ýaýraýandygy bellärliklidir, şonuň üçin ol täze ýerleri eýeläp, aňsatlyk bilen ýaýraýar.

Eýýäm ýokuşan ýerler bolsa 40 ýyllap meliorasiýa üçin ýaramsyz bolup galýar.Neşiriň bellemegine görä, bu kesel esasan Kawendiş görnüşine täsir edýär.Bu görnüş bolsa dünýädäki banan söwdasynyň 95% -ni tutýar.

Ýene degişli makalalar

Green Card DV-2026 lotereýasyna gatnaşmaga goýberilmejek ýurtlaryň sanawy mälim edildi
Türkmen senetçileri Saud Arabystanynyň Halkara senetçilik hepdeligine gatnaşdylar
Näme üçin käbir miwe ýygylandan soň hem bişmegini dowam edýär?
Banan, bedre we taňňyr: Arzan gök we miwe önümleri satuwa çykýar, ýöne olar zaýa’
Banan, bedre we taňňyr: Arzan gök we miwe önümleri satuwa çykýar, ýöne olar zaýa’
Aşgabadyň dükanlary ýumurtga söwdasyna birden başlaýarlar, banany çüýrük üzüm bilen goşup satýarlar