Barbi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji toplady

Barbi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji toplady

Barbi filminiň dünýädäki kassa ýygymlary bary-ýogy 17 günüň içinde bir milliard dollardan geçdi diýip, Habar 24 ýazýar.

Girdejileriň tas ýarpy bölegi Demirgazyk Amerika degişlidir. Variety neşiriniň ýazmagyna görä, filmiň režissýory Greta Gerwig filmi şeýle köp girdeji gazanan ilkinji zenan boldy. Bu şeýle-de önümçilikçi Warner Bros. kinostudiýasy üçin hem rekord girdejidir.

Mundan öň bu studiýanyň Garri Potter baradaky filmi 19 günüň içinde şeýle kassa ýygymyny toplapdy.

Barbi atly täze komediýada Barbi gurjagynyň hakyky dünýä syýahat edip, gözellik ölçegine garşy göreşi beýan edilýär.

Ýene degişli makalalar

Tokioda Garri Potteriň älemi barada iri seýilgäh açyldy
“Garri Potteriň” esasyndaky mobil oýunlar döredijilere $1 mlrd girdeji getirdi
Nýu-Ýorkda Harri Pottere bagyşlanan dünýädäki iň uly dükan açyldy
Nýu-Ýorkda Harri Pottere bagyşlanan dünýädäki iň uly dükan açyldy
“Harry Potter”-iň serialy surata düşüriler
“Harry Potter”-iň serialy surata düşüriler