“Harry Potter”-iň serialy surata düşüriler

“WarnerMedia” kompaniýasy özüniň täze sanly wideo mazmun ulgamy “HBO Max”-da görkeziljek “Harry Potter” serialynyň taýýarlygyna badalga berdi.Eýýämden ssenariçiler bilen gepleşikler geçirilip başlandy.Kompaniýa “HBO Max”-y has-da özüne maýyl ediji ulgama öwürmek üçin elde baryny edýär.

Häzirki wagtda DC hem-de “Tagt oýunlary” (Game of Thrones) ýaly françaýzlaryň önümçiligi bilen baglanyşykly täze eserleri ýola goýan “WarnerMedia” kompaniýasynyň indiki maksady-da 8 bölümlik filmler toplumy bilen uly yz galdyran “Harry Potter”-i “live-action” görnüşde seriala öwürmek.

Serial baradaky beýleki maglumatlar häzirlikçe belli däl.

Iň esasy sowal “Harry Potter” eserleriniň awtory J.K.Rowlingiň täze taslamada nähili rolunyň boljakdygy hemmäni içgin gyzyklandyrýar.Sebäbi Rowlingiň “WarnerMedia” bilen şertnamasy bolup, şertnama görä, awtordan birugsat “Harry Potter” älemine degişli ne film, ne-de serial surata düşürilip bilner.

Bu bolsa Rowlingiň täze taslama işjeň gatnaşjakdygyny aňladýar. Ýöne meşhur ýazyjynyň soňky günlerde käbir meseleler bilen baglanyşykly beýanatlaryndan soň, Rowlingiň gatnaşýan taslamasynyň nähili ýagdaýda garşy alynjakdygy belli däl.

The post “Harry Potter”-iň serialy surata düşüriler appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

“Harry Potter”-iň serialy surata düşüriler
“Harri Potteriň” älemine esaslanýan seriýal surata düşüriler
Nýu-Ýorkda Harri Pottere bagyşlanan dünýädäki iň uly dükan açyldy
Barbi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji toplady
Tokioda Garri Potteriň älemi barada iri seýilgäh açyldy
“Garri Potteriň” esasyndaky mobil oýunlar döredijilere $1 mlrd girdeji getirdi