Warner Bros II çärýegi arassa ýitgi bilen tamamlady

Warner Bros II çärýegi arassa ýitgi bilen tamamlady

WarnerMedia-nyň (AT&T Inc.-yň mediabölümçesi) Discovery Inc. bilen birleşmegi netijesinde döredilen Warner Bros. Discovery amerikan mediakompaniýasy ikinji çärýekde arassa ýitgi aldy, girdeji bolsa garaşylandan has ýaramaz boldy. Bu barada interfax.ru habar berýär.

Kompaniýanyň aprel iýun aýlarynda arassa ýitgisi geçen ýylyň degişli döwründe hasaba alnan 672 mln dollar arassa girdeji ýa-da paý üçin $1,01 bilen deňeşdirilende, 3,418 mlrd dollar ýa-da paý üçin $1,5 boldy.

Girdeji bir ýyl ozalky 3,062 mlrd dollara garşy 9,827 mlrd dollara çenli ýokarlandy.FactSet tarapyndan sorag edilen analitikler kompaniýanyň 11,83 mlrd dollar girdejide paý üçin 12 sent möçberinde düşewünt gazanjakdygyny çaklapdylar.

Warner Bros.Discovery striming serwisiniň abunaçylarynyň sany üç aý öňki 90,4 million bilen deňeşdirilende, 92,1 milliona ýetdi.Kompaniýanyň baş ýerine ýetiriji müdiri Dewid Zaslaw Warner Bros.

Discovery-nyň platforma has köp müşderini çekmek üçin mahabatdan alnan serişdelere işlejek mugt akym serwisini işe girizmek mümkinçiligini öwrenýändigini aýtdy.Soňky üç aýda kompaniýanyň bazar bahasy 1,5% ($40,55 mlrd çenli) peseldi.

Kompaniýanyň portfeli HBO, Warner Bros., Discovery, DC Comics, CNN, Cartoon Network, HGTV, Food Network, TNT, TBS, Eurosport, TLC, Animal Planet ýaly tutuş dünýäde 100-den gowrak tanalýan we meşhur brendleri birleşdirýär.

Ýene degişli makalalar

Medýa ägirtleri birleşýär
“Harry Potter”-iň serialy surata düşüriler
Gülgün reňkli Barbi
“Mortal Kombat” filminiň goýberiljek senesi mälim edildi
Şu ýylyň garaşylýan esasy 10 filmi
Disney 2021-nji ýylda filmleri gibrid çykarmakdan ýüz öwürdi