“Harry Potter”-iň serialy surata düşüriler

Britaniýaly zenan ýazyjy J.K.Rowlingiň meşhur eseri “Harry Potter”-iň köp bölümli serialynyň ekranlaşdyryljakdygy habar berildi.Aslynda bu baradaky taslama 2021-nji ýylda-da agzalypdy. Ýöne golaýda “HBO Max” studiýasy serialyň ekranlaşdyryljakdygyny resmi ýagdaýda mälim etdi.

Taraplaryň gelen ylalaşygynyň netijesinde serialyň 10 ýyllap dowam etmegine garaşylýar. Ýazyjynyň kitaplaryna salgylanylyp ekranlaşdyryljak serialda kimleriň surata düşjekdigi öňümizdäki günlerde belli bolar. Şol bir wagtyň özünde serialda asyl filmdäki baş keşbi janlandyran artistleriň çykyş edip-etmejekdigi, şol filmlerdäki nusgawy zatlaryň serialda-da ulanylyp-ulanylmajakdygy häzirlikçe näbelli. “Warner Bros.” hem-de “Discovery Inc.” kompaniýalarynyň birleşmeginden soň “Warner Bros.

Discovery” adyny alan şereketiň iň uly ýolbaşçysy bolan Dewid Zaslaw serialyň “HBO Max”-da ýaýlyma beriljekdigini aýtdy.

1997-nji ýylda “Harry Potter we pelsepe daşy” atly kitabyň çapdan çykmagy bilen başlanan jadygöýlük dünýäsi özbaşyna industriýa öwrüldi.J.K.Rowlingiň şol kitaplary esasynda 8 asyl film, 3 goşmaça kino hem-de spektakl taýýarlandy.

Umumylykda 13,4 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan “Harry Potter” markasynyň täze önüminde-de edil öňkülerde bolşy ýaly, ýazyjynyň özi prodýuser hökmünde çykyş eder.

Ýene degişli makalalar

“Harri Potteriň” älemine esaslanýan seriýal surata düşüriler
“Harry Potter”-iň serialy surata düşüriler
“Garri Potteriň” esasyndaky mobil oýunlar döredijilere $1 mlrd girdeji getirdi
Nýu-Ýorkda Harri Pottere bagyşlanan dünýädäki iň uly dükan açyldy
Nýu-Ýorkda Harri Pottere bagyşlanan dünýädäki iň uly dükan açyldy
Barbi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji toplady