Barselona çempionatyň tamamlanmazyndan 4 tapgyr ozal Ispaniýanyň çempiony boldy

Barselona çempionatyň tamamlanmazyndan 4 tapgyr ozal Ispaniýanyň çempiony boldy

Barselona Ispaniýanyň çempionatynyň 34-nji tapgyrynda myhmançylykda Espanýoly ýeňlişe sezewar etdi. Ýekşenbe güni geçirilen oýun 4:2 hasabynda myhmanlaryň peýdasyna tamamlandy.

Barselonanyň gollaryna Robert Lewandowski (11, 41) Alehandro Balde (20) we Žýul Kunde (53) awtorlyk etdi. Ýer eýeleriniň düzüminde Hawýer Puado (73) we Hoselu (90+2) tapawutlandy.

Şeýlelikde, Barselona 34 tapgyrdan soňra utuklarynyň sanyny 85-e ýetirip, wagtyndan 4 oýun öň ýurduň çempionlygyny resmi taýdan özüniňki etdi. Sebäbi ikinji ýerdäki Real liderden 14 utuk yzda barýar.

Barselona öz taryhynda 27-nji gezek Ispaniýanyň çempiony boldy. Topar soňky gezek şeýle üstünlige 2018/19-njy ýyldaky möwsümde mynasyp bolupdy. Şondan bäri Real iki gezek (2019/20, 2021/22) we Atletiko bir gezek (2020/21) ýurduň çempiony boldy.

Ýeri gelende bellesek, Espanýol bilen oýunda dubl eden Robert Lewandowski özüniň ýaryşdaky gollaryny 21-e ýetirdi. Ol häzirki wagtda turniriň bombardirleriniň ýaryşynda ikinji ýerdäki Benzemadan 4 gol tapawut bilen liderlik edýär.

Ýene degişli makalalar

Ikinji tapgyrynda ýeňiş gazandy
3-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Ozalky Prezident we žurnalist ikinji tapgyrda
Dünýä täzelikleri gysga setirlerde…
“Altyn palmany” alan ilkinji koreý filmi