Barselona Messiniň gitmegi bilen 137 mln ýewro ýitirer

Barselona Messiniň gitmegi bilen 137 mln ýewro ýitirer

Brand Finance konsalting firmasy Barselonanyň argentinaly hüjümçisi Lionel Messiniň gitmeginiň maliýe netijelerini hasaplady. Umumy alanyňda, klub 137 million ýewro ýitirer. Bu mukdar girdeji ýitgilerini, brendiň ulanylmagy bilen bagly girdeji ýitgilerini öz içine alýar. Barselona brendiniň gymmaty 11% pese gaçar. Bu barada championat.com habar berýär.

Barselona 77 mln ýewro möçberinde hemaýatkärlik puluny ýitirer. Ýene 43 mln ýewrony klub futbolkalary we beýleki harytlary satmakdan alyp bilmez.

8-nji awgustda Messi Kamp Nouda metbugat maslahatyny geçirdi. Ol maliýe kynçylyklary sebäpli, Premýeranyň kluba argentinaly oýunçy bilen şertnamanyň möhletini uzaltmaga mümkinçilik bermändigi üçin Barselonadan gidýändigini tassyklady.

Messiniň Pariže eýýäm gelendigi habar berilýär. PSŽ-niň edarasynyň öňünde argentinaly oýunçyny garşylamak üçin janköýerler ýygnandy. Ýakyn wagtda Leonyň lukmançylyk barlagyndan geçip, parižlileriň oýunçysy bolmagyna garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Turkish Airlines Türkiýäniň iň gymmat brendi diýlip yglan edildi
Apple dünýäde iň gymmat brend diýlip yglan edildi
Shell dünýäde iň gymmat nebitgaz brendi boldy
L'Oreal dünýäniň iň gymmat kosmetiki brendleriniň sanawyny çekýär
“Starbucks” ýene-de dünýäde iň gymmat restoran brendi boldy
Messiniň gitmegi “Barselona” gymmada düşer