Messiniň gitmegi “Barselona” gymmada düşer

Soňky günlerde futbol älemini Messiniň Barselonadan gaýdyp, PSŽ-niň düzümine goşulmagy bilen baglanyşykly habarlar bezeýär.Eýsem Barselona topary ýa-da La Liga dünýäniň super ýyldyzyny elinden gidermek bilen nähili ýitgilere sezewar bolar.

Mundan 3 ýyl ozal Real Madrid we La Liga dünýäniň başga bir super ýyldyzyny Kristiano Ronaldony hem ellerinden gideripdiler. Şonda Real hem-de La Liga maliýe babatda käbir ýitgilere sezewar bolupdy.

Messiniň gitmegi Barselona üçin meýdançanyň içinde hem daşynda uly ýitgilere sezewar bolar diýmekdir. “Brand Finance” şereketiniň habar bermegine görä, Messiniň gitmegi Barselona brendiniň gymmatyny 11 göterim pese düşürer.

Bu bolsa “Barselonanyň” 2021-nji ýyldaky degeriniň 137 million ýewro azalmagy diýmekdir. 2018-nji ýylda Ronaldo Realdan gidende, klubuň brend gymmaty 19 göterim pese gaçypdy.Mundan başga-da katalonlarda forma satuwy we klubuň beýleki önümleriniň satuwy azalyp, 77 million ýewrolyk ýitgi çekmegine garaşylýar.

Şeýle-de La Liga we El Klasikonyň abraýynyň azda-kände peselip, tomaşaçy sany azalar diýlip çaklanylýar.

Ýene degişli makalalar

Apple dünýäde iň gymmat brend diýlip yglan edildi
Shell dünýäde iň gymmat nebitgaz brendi boldy
Barselona Messiniň gitmegi bilen 137 mln ýewro ýitirer
L'Oreal dünýäniň iň gymmat kosmetiki brendleriniň sanawyny çekýär
“Starbucks” ýene-de dünýäde iň gymmat restoran brendi boldy
Lego dokuzynjy ýyl dünýäde iň gymmatbaha oýnawaç brendi boldy